AGZYBIR ZÄHMETIŇ JOŞGUNY
10-09-21
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdegörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz Bitarap ýurdumyz günsaýyn ösýär we saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletimiziň her bir güni görlüp-eşidilmedik derejede zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň Türkmenabat raýat desgalary şahamçasynyň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän gije-güdizki aladalaryny goldap tutanýerli zähmet çekýärler.
Şahamça degişli iki sany jaý ulanyş gullugynyň düzüminde 200 töweregi demirýol işgäri 3600-e golaý hojalygyň mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin zähmet çekýär. Olaryň esasy wezipesi arassaçylyk işlerini alyp barmak, raýatlardan gelen arza-şikaýatlara seretmek, elektrik togy hem-de tebigy gaz bilen üpjünçiligini gazanmak, ýer-suw, lagym üpjünçiligini guramak we beýleki zerur işlerden ybaratdyr. Tejribeli ýolbaşçy Artur Allakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän şahamçasynyň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirän demirýol işgärleriniň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Baýramkadyr Amanberdiýew, Rüstem Töräýew, Elijan Arslanow, Abdukahr Abdullaýew dagylary aýratyn belläp geçmek bolar. Bu zähmetsöýer demirýolçular ýylyň-ýylyna uly zähmet üstünliklerine mynasyp bolýarlar.
Şanly ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň dowamynda geçilen şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetirilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan ýollar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän milli Liderimiziň öndengörüjilikli syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Öz halkynyň bolelin eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dyngysyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde sanly geçelgäni döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy we goňşy döwletler bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada deslapky ylalaşyga geldiler. Bu barada sişenbe güni Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berdi.
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler alnyp baryldy. Halkara derejeli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, medeni çäreler we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj zyýaraty boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 8–11-nji noýabry aralygynda Jidda şäherinde geçirilen VI Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Sanly tehnologiýalar we döwrebap ulag-logistika – ýollaryň akylly ulgama öwrülişi
Ulag-logistika pudagy häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we tehnologik taýdan özgerýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän çözgütler diňe bir ýük daşamalaryň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny, açyklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýollar, ulag serişdeleri we sanly tehnologiýalar bitewi ulgam hökmünde özara baglanyşykda hereket edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.