«BU ÝOLLARDAN DOGRY BARGAN DÜZ AŞDY... »
10-09-21
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna
Ynsan ömrüniň bütin dowamy ýollar bilen baglanyşykly. Adam ogly şol ýollarda kemala gelýär, gadam urýar, ýortýar, maksadyna ýetýär. Ýol temasy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köpgyraňly döredijilginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik akyldar ak ýola gadam goýan ynsany ýolaryň maksat-myradyna ýetýändigini sazlaşykly setirlerinde öwran-öwran nygtapdyr.
Joşgun geldi, hetdin ýardy, söz aşdy
Bu ýollardan dogry bargan düz aşdy.
Bezirgenler mydam ýola bil baglar.
Belet başlar dogry ýola çen bile,
Akyl ýigit söz başlamaz «men» bile.
Magtymguly aýdar, barha ýol tany,
Bäş gün synamaga iberdi seni.
Beýik akyldaryň döredijiliginde ýol – ýola çykmak, bir ýere barmak, maksada sary gadam urmak temasy birnäçe ýerde seýr etmek, seýranda bolmak sözleri bilen baglanyşdyrylyp beýan edilýär. Muny tassyk etmek üçin şu ýerde şahyryň heniz oglan mahaly şygryýetiň dünýäsine gadam goýşy bilen bagalnyşykly wakany ýatlap geçeliň.
Ilkinji ylmy atasyndan alan Magtymgulynyň – ýaş oglanyň, heniz ýaşmagy açylmadyk ak kömelek ýaly, edebiýat äleminde güberilip ugrap, soň boý alyp açylmagy heniz ilerdedi... Ýöne ylahy zehini onuň zehininiň tiz wagtda il içine ýaýylmagyna täsir etdi. Şeýlelikde, akademik Ý.E.Bertelsiň «Çeper döredijilik hakynda Magtymgulynyň pikirleri» diýen ylmy işinde belleýşi ýaly, ol «Turgul» diýdiler» goşgusy bilen edebiýat meýdanynyň dergahinden ätledi.
«Turgul» diýdilerde» ak pata bermek üçin ýagşyzadalar, ärler-pirler ýaş Magtymgulynyň dergähine gelýärler. Bu işe iki diwana töwekgel girişýär.
Şol iki diwana tutdy golumdan,
Alyban gitdiler durgan ýerimden,
Bir yşarat boldy şol wagt ýanymdan,
«Saýranda boluban durgul» diýdiler.
Magtymguly seýranda är-pirleriň ýanyna barýar. Ol ýerde göz öňüne tutulan maksada amal edilensoň, ýagşyzadalar tarapyndan «Oglany ak pata berip uzadyň» diýip emr edilýär.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, täsin ahwala düşen Magtymguly ol ýerden Gyzylbaýyryň dag-damanaly ýoly bilen sermi-sal ýagdaýda öýüni nazarlap gaýdýar. Hal pursaty bilen aýanlyk – dünýä syryna akyl ýetriş zehini berlen perzendini Azady Etrek derýasynyň boýundaky Leýlendepäniň ýolunda garşylaýar.
Ýol-hal, seýran bilen baglanyşykly setirler şahyryň «Sataşdym», «Seýranda», «Aşyk bolmuşam», «Bu işi», «Uçdum, ýaranlar», «Oglum Azadym», «Ädejek sen» we ýene-de onlarça goşgularynda gabat gelýär. Bu ugurda «Oglum Azadym» goşgusy gönüden-göni ýola düşmek, ýol höwesi bilen baglanyşyklydyr.
Bu goşguda hyjuwly-hyruçly Magtymguly atasyndan uzak ýola gitmäge idin soraýar. Garry pir muňa razylyk bermeýär. Onda-da perzendiniň kalby ganatly, ýola höwesli. Ol şol joşgun-höwes bilen atasyna gaýta-gaýta ýüzlenýär:
Kalbyma giripdir gitmek höwesi,
Ýene bizden bolar halkyň tamasy.
Köňlüm narow etme, kylma terhosy,
Bir sapar işidir, goýber, Azadym.
Garry molla perzendiniuň raýyny ýykmaýar. Pyragy ak ýola rowana bolýar.
Magtymgulynyň fantastiki-hyýaly häsiýetli goşgularynda hem ýola – bir ugra rowan bolunýan wakalara duş gelmek bolýar. Şahyr hyýalynda ak ýola düşüp, dünýäniň set-müň ýollarynda seýranda bolýar. Magtymgulyşynas alym M.Annamuhammedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu ahwal hem maksada ýetmek üçin ýola düşmekdir. Bu babatda «Aşyk bolmuşam» şygryndan bir mysala ýüzleneliň:
Aýdadyr Magtymguly, men anda käne ugradym,
Seýil edip bardym, pelekde lamekana ugradym,
Çün meni ryswa kylypdyr, yşky käne ugradym,
Ýetmiş iki şäher ile müň bir dükana ugradym,
Şunça sergezdan sepil-u zaýa aşyk bolmuşam.
Şahyryň «Sataşdym» goşgusynda bolsa liriki gahryman säher wagty seýrana-seýle çykýar. Ýollar ony dürli wakalara dahyl edýär. Liriki gahryman dürli wakalaryň jümmüşinde gezip ýörkä täsin duýgulary başdan geçirýär.
Säher wagty seýran edip gezerkäm,
Ajap menzil, ajap jaýa sataşdym.
Ugrum bilmeý, ýoldan-ýola azarkam,
Hup mekana, hup saraýa sataşdym.
Atamyrat ŞAGULYÝEW.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.