GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY GIŇEÝÄR
13-09-21
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurt hem-de dünýä derejesinde durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga, şeýle hem dünýäde parahatçylygy, asudalygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Berkarar ýurdumyzda alnyp barylýan asylly ýörelgeler, halk bähbitli belent maksatlar rowaçlyga badalga bolýar. Munuň şeýledigini taryhy wakalara beslenip geçen ýyllaryň içinde Garaşsyz döwletimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşyp, bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen ägirt uly işleriniň mysalynda-da görmek bolýar.
“Özüniň Garaşsyzlyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan halkara giňişlikde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar” diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyz daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim, söwda we beýleki pudaklar boýunça hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bilen, dünýä döwletleriniň arasynda mynasyp orun eýeledi hem-de möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýan döwlet hökmünde özüni tanatdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde Türkmenistan döwletimiz ähli pudaklarda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesi gowulandy. Sagdyn durmuş ýörelgesi döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Mähriban Diýarymyz “Açyk gapylar” we bitaraplyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde tanalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin tutumly işleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň şanly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy saýlanyp alnan ýoluň dogrudygynyň we onuň dünýä döwletleri tarapyndan doly goldanylýandygynyň güwänamasydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji we hoşniýetli gatnaşyklar syýasaty halkara guramalary tarapyndan giňden goldaw tapýar.
Garaşsyz Watanymyzda gazanylan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak bilen birlikde, Berkarar ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýär. Goý, dünýä halklarynyň bähbidine tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Maksat IŞANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.