Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly bilen

21-09-24

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň ajaýyp menziline öwrülýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly toýuň üstünlikleriň hem ýeňişleriň, dünýä giňişligine ýaň salan umumadamzat bähbitli tutumlara beslenýän pursatlarynyň täze taryhymyzdan mynasyp orun alýandygyny indi dünýä jemgyýetçiligi doly ykrar edýär.

Garaşsyz Watanymyzy ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde jemgyýetiň döredijilik güýjüni işjeňleşdirmäge we birleşdirmäge, onuň ideologiýasyny, aň-düşünjesini, ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmäge ähmiýet bermelidigini özüniň çykyşlarynda mydama nygtap geçýär. Döretmek ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda durmuş syýasatyny, ykdysady-medeni özgerişleri, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeler häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň baş maksady bolup durýar we ony amala aşyrmakda, durmuş hakykatyna öwürmekde wagyz-nesihat işlerine uly buýsanç bilen goşulmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň mukaddes borjudyr.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ajaýyp döwrümizde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, tutumly işler bu günki gün sebit, dünýä möçberinde hem giň goldawa eýe bolýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda alnyp barylýan işlere dünýä döwletleri, iri halkara guramalary tarapyndan berilýän ýokary bahalar, sylaglar, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň adyna aýdylýan hoşniýetli sözler hem doly şaýatlyk edýär.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy milli bitewüligimizi, watansöýüjiligimizi hem-de ynsanperwerligimizi dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny we şan-şöhratyny täze belentliklere göterýän syýasy üstünlikdir. «Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky göreşidir hem-de agzalalygy ýazgarmagydyr», şeýle hem «Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet gurmak, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy» diýip, Gahryman Arkadagymyz buýsanç bilen belleýär. Magtymguly Pyragynyň aýdyma öwrülen liriki şygyrlary bolsa doganlyk halklaryň dillerinde-de ymykly orun alyp, indi 300 ýyla golaý wagt bäri belentden ýaňlanyp, halkymyzyň ruhy teşneligini gandyrýar, köňüllerine ganat berýär.

Döwlet Garaşsyzlygy biziň ata-babalarymyzyň arzuwlan, ähli ukyp-başarnyklaryny bu mukaddesligiň berkarar bolmagyna, öz milli ýolumyz bilen ösmäge, mynasyp nesilleri terbiýeläp, parahatçylygy, agzybirligi, döredijiligi wagyz etmäge bagyşlan gymmatlygydyr. Bagtyýar türkmen halky giň möçberli özgertmeler hem-de gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny ýokary derejede garşylamaga taýýarlyk görýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanjak ýylynda ata Watanymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, döwletimiziň garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşulmagy ugrunda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigi biziň her birimiziň depämizi göge ýetirýär.

33 ýyl mundan ozal ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyz milli taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň baş maksadymyz Türkmenistany döwür we dünýä bilen sazlaşykly ösdürmekden ybaratdyr» diýip, täze taryhy eýýamyň başyny başlaýjy, ruhlandyryjy Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Bagtyýarlyk döwri Watanyň ykbaly üçin jogapkärçiligine düşünýän halkymyzda ozal görülmedik ruhy ýokary göterilişi we döredijilik meýlini döretdi, onuň milli abraýyny we buýsanjyny, zähmet we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrdy. Türkmen halkynyň ruhubelentliginden ylham alan beýik ýurdumyz durmuş-ykdysady we medeni ösüşde deňi-taýy bolmadyk öňegidişlik gazandy, halkara arenasynda öňdebaryjy hatarlara çykdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyga açyk bolan Türkmenistan demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklady, kuwwatly hem-de berkarar döwlet hökmünde syýasy giňişlikde özüniň abraýyny has-da berkitdi. Halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Milletiň özerkli millet bolup ýaşamagy, öz ýurduny özi dolandyrmagy, dünýäde ykrar edilmegi, dünýä çykmagy we dünýä halklary bilen deňli-derejeli gatnaşyk etmegi üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň artykmaçlygy we mümkinçiligi iňňän uludyr. Ine, şu babatda hormatly Prezidentimiziň geçen gysga döwürde bitiren işleriniň gymmatynyň asyrlara uzap gitjekdigine, bütin geljegimiziň ösüşlerine esas, binýat boljakdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Güneşli Diýarymyzyň her bir raýatyna durmuşyň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan bu ajaýyp ösüşleriň şaýady bolmak bagty miýesser edýär.

Goý, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ösüşlerden-ösüşlere besleýän, yklymlaryň ykrar eden Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Hurma ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy. 

YNSAN SAGLYGY – BAGTYÝARLYGYŇ, ROWAÇ GELJEGIŇ KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy has-da belende göterilýär. Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.


«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.