ARKADAGYŇ SAÝASYNDA GARAŞSYZLYK ÝOLY BILEN
16-09-21
Biziň ata-babalarymyz hemişe Garaşsyzlygy, azatlygy, erkinligi arzuw edip gelipdirler. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 30 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny Arşa göteren hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdiren giň gerimli işler amala aşyryldy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Muny ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösüşine nazar aýlanymyzda hem göz ýetirmek mümkin.
Goňşa barýan polat ýollar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň döwletimiz ulag ýollaryny çekip, demir ýollaryny giňeldip, sebitde ählumumy parahatçylygy berkitmäge, durnukly ykdysady ösüşe ýardam edýär. Häzirki wagtda sebitleýin we halkara ähmiýetli giň möçberli ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Täze gurulan polat ýollar ýurdumyzyň ulaglar ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyny, Türkmenistanda sebit ähmiýetli ýük gatnawlarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkeziň döredilmegini şertlendirýär. Pudagyň tehniki düzüminiň täze teplowozlardyr ýolagçy we ýük wagonlary bilen yzygiderli berkidilmegi polat ýollaryň ähmiýetiniň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Şu ýylyň başynda Owganystanyň çäginde Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygy tamamlanyp dabaraly ýagdaýda ulanyşa goýberildi. Akina hem-de Andhoý beketleriniň aralygynda nobatdaky demir ýoluň işe girizilmegi türkmen-owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda söwda-ykdysady ugruň ösmeginde ähmiýetiniň artmagyna, ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir eder. Şeýle hem, goňşy ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ýük akymlaryny artdyrmak, “Lapis Lazuli” ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yklymara geçelgesiniň (Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe) uly ähmiýeti bardyr. Şeýle-de, ýurdumyzyň çäginden geçýän Üzen - Gyzylgaýa - Bereket - Etrek - Gorgan halkara demir ýolunyň türkmen böleginiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, ýurdumyzyň logistika kuwwatyny kämilleşdirmek, üstaşyr ýük dolanyşygyny artdyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Türkmenistan häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmäge uly serişdeleri goýberip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem daşary ýurtly maýadarlar üçin onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin berk esasy döredýär.
Alys ýoly ýakyn edip... Ýurdumyzda awtomobil ulaglary pudagynyň ähmiýeti barha artýar. Bu ugurda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýandygyny bellemek gerek. Iň döwrebap ulag ýollary ulanmaga berilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Olardan biri hem güýçli depginde alnyp barylýan ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygydyr. Bu taslamanyň gurluşygyny «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti alyp barýar. Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat - Türkmenabat awtobanynyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik mümkinçiligini, logistika hyzmatlaryň hilini we tizligini ep-esli artdyrar, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňelder. Awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Pudagyň ulag parkyny berkitmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan satyn alynýan döwrebap ýolagçy we ýük ulaglary, awtobuslardyr taksiler raýatlarymyza bökdençsiz hyzmat edýär.
Türkmenistanyň awtoulag ulgamynyň ösüşi uzak möhletligi maksatnama esasynda amal edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki zaman awtomenzilleri gurmak boýunça işler alnyp barylýar. “Aşgabat-Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň, “Awtomobilulaghyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini we “Awtoulagkärhanalarbirleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýan awtoulag kärhanalar toplumy we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi ulanmaga berildi. Bu düzümleýin desgalar iň täze aragatnaşyk ulgamlary, öňdebaryjy, şol sanda, sanly tehnologiýalar bilen üpjün ediler. Munuň özi ýolagçylara hyzmatyň ýokary hilini, ulag gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Ak guw ýaly menzillerde. Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi Diýarymyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Raýat awiasiýasyna içerki hem-de halkara gatnawlarynda ýolagçy gatnadylmagynda we ýük daşalmagynda möhüm orun berilýär. Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamyndaky işleri düzgünleşdirýän halkara konwensiýalary boýunça öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirýär, howa menzilleriniň hem-de howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygy boýunça, uçarmanlar toparynyň we ýerüsti toparyň düzümlerini döretmegiň halkara ölçeglerini pugta berjaý edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde, Diýarymyzda iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Aziýanyň merjen şäheri Aşgabatda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply sebitde iri Halkara howa menziliniň toplumy milli Liderimiziň baştutanlygynda ulaglar pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli hem-de uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Jeýhuny ýakalap oturan Lebap welaýatynyň Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde açylyp, ulanylmaga berlen täze halkara howa menzilleriniň ak mermere bürenen ajaýyp binalary Gündogaryň myhmansöýerlik derwezesi hökmünde ýüreklerde ýer almagy başardy. Hormatly Prezidentimiziň gojaman daglary ýakalap oturan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmagy milli raýat awiasiýamyzy ösdürmekde möhüm waka boldy. Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menzillerinden soňra, bu desga ýurdumyzda guruljak bäşinji Halkara howa menzili bolar. Ýurdumyzyň döwrebap howa menzilleriniň tehniki parkynyň “Boing” uçarlary bilen yzygiderli doldurylmagy-da döwletimiziň bu babatdaky tagallalaryndan nyşandyr.
Hazaryň kenary – dostluk mekany. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar sammitleriniň barşynda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynyň we beýleki iri forumlaryň belent münberlerinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlyga tarap saýlap alan ugruna ygrarly bolup galmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek hakynda teklipler bar. Milli Liderimiziň bu babatda Hazaryň türkmen kenarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolan ulag geçelgeleriniň giň ulgamyny döretmek boýunça öňde goýýan meýilnamalary ýurdumyzy yklymüsti geçelgesiniň möhüm bölegine öwürmäge gönükdirilendir. Bu çäreler diňe bir ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge däl, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleriň çäklerinde beýleki Hazarýaka ýurtlar bilen bir hatarda, Türkmenistan hem milli gämi flotiliýasynyň kuwwatyny artdyrmaga uly üns berýär. Soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmasy esasynda döwrebap tankerler hem-de söwda flotunyň beýleki gämileri guruldy we ulanmaga berildi. Şolaryň ýokary derejedäki ulanyş häsiýetnamalary hem-de innowasiýa - enjamlaýyn ölçegleri deňiz gatnawlarynyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň hem-de Aziýanyň arasynda ägirt uly halkara ulag-üstaşyr merkezine öwrülen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti ep-esli artdy. Ýurdumyzyň esasy “Deňiz derwezesiniň” düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, deňiz ulaglarynda her ýylky ýük daşalyşynyň mukdary barha artýar, şonuň ýaly-da, bu ýere gelýän daşary ýurt gämileriniň sany bolsa köpelýär.
Aragatnaşygyň täze hili. Döwletimiziň halkara derejelerine goşulyşmagynda kommunikasiýa ulgamyna ähmiýetli orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär. Ata Watanymyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýata elýeter edildi. Milli aragatnaşyk pudagymyzyň häzirki döwürde ýeten derejeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde internet ulgamynyň ösdürilmegi, dürli saýtlaryň döredilmegi üçin işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu işleriň döwrebap şekilde guralmagy sanly ulgam boýunça ýerine ýetirilýän hyzmaatlaryň görnetin artmagyna ýardam edýär. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan “sanly.tm” ilkinji milli elektron poçta hem-de “tmchat” messenjer ulgamlarynyň işe girizilmegi bu ugurda möhüm ädimdir. Şeýle hem, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilýän häzirki wagtynda «Döwlet hyzmatlary» portalynyň döredilip, döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk maglumat ulgamyny üpjün edýär. Telekommunikasiýa we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, jemgyýetiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda gurlan we gurulýan hem-de häzirki bagtyýarlyk eýýamymyzda çar tarapa uzaýan polat ýollarymyz, aragatnaşyk ugurlarymyz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan gurýan ak ýollary arkaly diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, sebitde ulag gatnawlary üçin möhüm ähmiýetli ýere öwrülýär. Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýylynyň dowamynda ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründäki ýaly, özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde ýene-de uly abraýa eýe bolýar. Bu zatlaryň başynda durup, türkmen halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler
Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.