MILLI YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDE ULAG ULGAMYNYŇ ÄHMIÝETI

17-09-21

Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmeklige uly üns berilýär. Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Bu ulgamdaky bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri dolulygyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Netijede, Türkmenistanyň sebit ulag-üstaşyr ulgamyna okgunly goşulyşmagy üpjün edilýär. Şeýle hem Türkmenistany goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan bu ulgamyň düzümi kämilleşdirilýär — täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollary çekilýär, awtobanlar we köprüler gurulýar, bu toplumyň üsti häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli ýetirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan sebitiň ykrar edilen ylalaşdyryjy we şonuň bilen birlikde iri ykdysady, işewürlik we medeni merkezi hökmünde berkarar bolýar. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri ählumumy ösüşiň meýillerine hem-de gadymy türkmen topragynyň taryhy wezipesini—siwilizasiýalaryň çatrygy bolup hyzmat etmek, şol sanda ýurduň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi bilen baglylykda hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmek meýillerine gabat gelýär.

Ulag ulgamynda demir ýol pudagynyň aýratyn orun eýeleýär. Ulagyň bu görnüşi ägirt uly möçberdäki ýükleri daşamaga ukyplydyr. Hususan-da, ýangyç önümleriniň dürli görnüşleri, gurluşyk serişdeleri ýaly ýükleri daşamakda hem-de üstaşyr gatnawlarda «Türkmendemirýollary» agentligi artykmaçlygyny saklap galýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gatnaw düzüminiň hem-de ýolagçy-wagon tehniki toplumyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, pudakda işiň hili we zähmet öndürijiligi ýokarlandy.Häzirki döwürde ýük daşamak işleriniň alnyp barlyşy yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ykdysady ýagdaýyny bellenilen derejede saklamaga hem-de işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga toplumlaýyn çäreler gönükdirilýär. Halkara demir ýollarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze polat ýollar içerki çäkleri hem sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär. Wagtyň görkezişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt depginlerde özleşdirmäge we rejeli peýdalanmaga ýardam edip, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeledi. Halkara demir ýollarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze polat ýollar içerki çäkleri hem sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär. Wagtyň görkezişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt depginlerde özleşdirmäge we rejeli peýdalanmaga ýardam edip, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeledi.

         Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenhowaýollary» agentligi hem giň gerimde ösdürilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 23-nji iýunynda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiz tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmeginiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi Watanymyzyň yklymyň iri ulag-logistika merkezi bolmak bilen, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän möhüm halka hökmünde ornuny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Kerki şäherindäki şanly wakadan köp wagt geçmänkä, has takygy 14-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze guruljak howa menzili howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.Şu günlerde düzümiň öňünde durýan wezipeleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi. Şu maksatlar bilen, ugurdaş düzümleriň ählisini döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Raýat awiasiýasy barada aýdylanda bolsa, ýük howa gämilerini satyn almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, üstaşyr mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak, goşmaça hyzmatlary amala aşyrmak zerur bolup durýar. Diýarymyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmek bilen baglylykda, häzirki döwrüň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga, edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. «2012—2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasyna» laýyklykda paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa menzilleriniň gurulmagy we ozal bar bolan howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy dowam edýär.

      Logistikany ösdürmekde Hazarýaka sebitine aýratyn orun degişlidir. Möhüm strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň binýadynda ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagy utgaşdyrýan esasy multimodal merkez döredildi. Sebäbi daşalýan ýükleriň ählisiniň ýarysy üstaşyr ýük daşalyşyna degişlidir. Ulag ulgamy Hazar deňzi we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösýän netijeli gatnaşyklary kemala getirmekde möhüm halka bolup hyzmat edýär.Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşy we giňeldilişi deňiz ýollaryndan üzňe däldir. Hazarýaka döwletleri tarapyndan deňziň üstünden geçýän transkontinental ýollaryň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara geçelgeleriniň döredilmegi olaryň ählisiniň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi  üçin amatly şertleri üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebiti üçin strategik ähmiýete eýedir.Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň ulag ulgamynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Onuň düzüminde nebit guýulýan, parom, ýolagçy we ýük terminallary bar. Onuň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagy Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarar hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ählumumy ulgamyna girişmegine, ýurdumyzyň yklymyň multimodal aragatnaşyklar ulgamynda ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berer. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň iň wajyp ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi hökmünde ykrar edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmek, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär.Soňky ýyllarda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňziniň üsti bilen ugradylýan üstaşyr ýükleriň bökdençsizligini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ýükleri demir ýol arkaly Hazaryň kenaryna gelip, bu ýerden deňziň üsti bilen goňşy ýurtlara tarap ugradylýar. Munuň özi ýurdumyzyň “deňiz derwezesiniň” tutuş sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetli geçelge bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagynyň, halkara üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň oňyn netijeleridir.

         Daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň we taksileriň ýurdumyza gelip gowuşmagy pudagyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde we kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi.Şeýlelikde, pudagyň düzümleýin edaralarynyň ählisini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreler görülýär, agentligiň tehniki parky yzygiderli berkidilýär. Öz nobatynda, munuň özi paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata-Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär.Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly üstünlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar. Ýolagçylara ýeňil taksilerde edilýän hyzmaty gowulandyrmak maksady bilen, Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynda elektron planşetler oturdyldy we müşderilerden sargytlary internet arkaly kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy.Türkmenistanyň iri gurluşyklarynda hyzmat etmek hem-de ýetişdirilen däne hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini daşamak üçin ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “KAMAZ” kompaniýasynyň ýük awtoulaglary ulanylýar.

      Netije-de biziň ulag ulgamlarymyz, hala ol awtomobil ýa-da demir ýol ulaglary bolsun, hala-da howa ýa-da deňiz ýollarynyň ulaglary bolsun, tapawudy ýok, olaryň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň ösüşi üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gulluk edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň  başlangyçlary bilen ulag-logistika ulgamynda amala aşyrylan we alnyp barylýan işler başga-da köpdür.Şeýlelikde, häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda durmuşa geçirýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.Ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornuny artdyrmagyň, onuň sebit we halkara multimodal aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmegiň hasabyna Türkmenistanyň geoykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

1685e23dc5c8c4.jpeg
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär

Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.


1685e27680470b.jpeg
Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi 2025-nji ýylyň 2-5-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. Sergi Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de degişli döwlet we hususy pudaklarynyň bilelikde guramagynda geçiriler.


1685e28885df22.jpeg
Gazagystan Türkmenistana ýük daşamagy artdyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystanyň hökümeti Türkmenistan hökümeti bilen ulag, logistika we üstaşyr pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy tassyklamak baradaky kanunyň taslamasyny taýýarlady.


1685e29b8885bc.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär

Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, özara bähbitli mümkinçilikleri açýar. Russiýanyň Astrahan oblasty bilen bilelikdäki täze başlangyçlar bu gatnaşyklaryň güýçli depginde ösdürilýändiginiñ nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, köp ýyllyk tejribesi bolan Astrahanyň iri kompaniýasy «Grand Fish» tarapyndan Türkmenistana balyk önümleriniň iberilişi ýola goýulýar.


1685e216211a8e.jpeg
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2025: bä­şin­ji gün

«Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi tä­sir­li wa­ka­la­ry bi­len oňa gat­na­şy­jy­lar we äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz üçin ýat­da ga­ly­jy baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.