GARAŞŞYZLYK - GANATYMYZ

17-09-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine şu günler Türkmenistanda baş döwlet baýramy – Garaşsyzlyk baýramy uly we köp öwüşgünli dabaralar bilen belleniýär. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Bu eýýam bolsa  ägirt uly üstünliklere, ähli ulgamlarda  düýpli özgertmelere beslendi. Ine indi 30 ýyldan bäri agzybir türkmen halky ata-babalarymyzyň mähriban topragyna parahatçylykly we bagtyýar durmuşda ýaşap hem-de döredijilikli zähmet çekip, şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini dowam etdirýärler. Garaşsyzlyk bu biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris.Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljegimiziň buşlykçysydyr.

Garaşsyzlyk ilimize egsilmez bagt bolup geldi, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdy! Güýjümize güýç goşdy, başymyzy göge diretdi, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup doldy! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiz: “Eziz Watanymyzyň Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläkde gülläp ösmegi üçin ähli gujur gaýratymyzy gaýgyrman yhlas edeliň! Öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” diýip belleýär. Garaşsyzlygyň her bir şanly senesi milli Liderimiziň ýurdumyzy ynamly öňe alyp barýan beýik döredijilikli ýolunda ýene-de bir sepgitdir. Hawa bu günki gün Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz dünýäde özüniň beýik döwletiniň gadryny bilip, hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyzlygymyz 30 ýylyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýäris. Üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tutýan tutumlarynyň mundan beýläkde pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin. Türkmen hallkyny eşretli zaman alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlyk baýramy gutly mübärek bolsun!

Gurbanmyrat ABDYLLAÝEW, 
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.