Düşündiriş işleri geçirilýär

17-09-21

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdymyzda her bir raýatyň saglygy barada alada edilip, ilatymyzyň saglygyny gorap saklamak, dikeltmek, bejermek, ömür dowamlylygyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdymyzyň çar künjinde saglyk maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär. Gurulýan bu binalarähli babatynda dünýä ülňilerine doly laýyk gelip, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu sagaldyş we anyklaýyş binalarda  ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty görkezilip, ilatymyz öz saglyklaryny dikeltýärler.

Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Köneürgenç etrabynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Etrabyň edara- kärhanalarynda, köçeleriň ugurlarynda, serhet ýaka obalarda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan zyýansyzlaşdyryş işleri häzirki güniň talaplaryna görä yzygider geçirilýär. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärlere lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, howpsuz araçägi saklamak,  şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça jogapkär işgärler tarapyndan düşindiriş işleri yzgiderli geçirilýär.

Edara-kärhanalaryň girelgelerinde, her bir otaglarynda saglyk burçlary döredilip, zerur lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Edara-kärhanalarda, köçeleriň ugurlarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça foto suratly ýatlamalar ýygy-ýygydan goýulup, her bir raýatyň ünsini özüne çekýär. Etrabymyzda 15 sany geňeşlik bolup, olaryň  her birinde Geňeş arçynlaryndan,  geňeş agzalaryndan, oba lukmanlaryndan, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärlerinden, jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalaryndan düzülen toparlar döredildi. Bu topar agzalary geňeşligiň çäginde hojalyklara baryp sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça düşindiriş işlerini geçirýärler. Düşindiriş işleriniň çäklerinde her bir raýatyň arassaçylyk düzginlerini berjaý etmekligini, agyz-burun örtügini talabalaýyk ulanmaklygy, pasla görä geýinmegi, kadaly iýmitlenmegi, öýlerini arassa tämiz saklamaklygy, zyýansyzlaşdyryş işlerini geçirmekligi boýunça özleriniň gymmatly maslahatlaryny berýärler. Wagyz-nesihat işleri etrabymyzyň Hakykat, Täzegüýç, Derýalyk, Täzeýol geňeşliklerinde has-da guramaçylykly alnyp barylýar.

Biziň her birimiziň saglygymyz öz elimizde. Öýlermizde, iş ýerlerimizde, jemgyýetçilik ýerlerinde şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etsek, 2 metr howpsuz araçägi saklap, agyz-burun örtügini talabalaýyk ulansak ömür dowamlylygymyzy artdyrmaga uly mümkinçilik berer. Öz saglygymyzy goralyň, sagdyn bolalyň, sagdyn ýaşalyň.

Gülhumar   HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň 
Köneürgenç  etrap  komitetiniň  hünärmeni.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.