GARAŞSYZLYK SENASY – MIZEMEZ ÝURT BINASY
22-09-21
Garaşsyzlyk güni — biziň Baş baýramymyz özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünjedir. Bu düşünje özünde ägirt uly many-mazmuny jemläp, Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga ýardam edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen ynamly öňe gidip, kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tutuş dünýäde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini hem mertebeliligini şertlendirýär. Bize hem şanly toýuň dabaraly pursatlarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň düzüminde zähmet çeken işgärleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmek miýesser etdi.
Toýly NURBERDIÝEW, “Türkmendemirýollary” agentliginiň zähmeti goramak we adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň esasy hünärmeni.
- Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan 30 ýyldan bäri ýurduň ähli pudaklarynda taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň arasynda demir ýol gatnawlarynyň ýola goýulmagy, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi, olaryň haryt dolanyşygynyň gyşarnyksyz artmagyna, ulag, önümçilik we durmuş düzüminiň giňelmegine ýardam etdi. Men hem ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň düzüminde onlarça ýyl zähmet çekip, Garaşsyzlyk ýyllarynda pudagyň görlüp-eşidilmedik depginde ösüşiniň şaýady bolup gelýärin. Türkmenistan häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmäge uly serişdeleri goýberip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem daşary ýurtly maýadarlar üçin onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin berk esasy döredýär. Pudagyň tehniki düzüminiň täze teplowozlardyr ýolagçy we ýük wagonlary bilen yzygiderli berkidilmegi pudagyň ähmiýetiniň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde Owganystanyň çäklerinde demirýollarynyň gurluşygynyň Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna türkmen demirýolçularyň güýji bilen amala aşyrylandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Goňşy ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ýük akymlaryny artdyrmak, “Lapis Lazuli” ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yklymara geçelgeleriniň uly ähmiýeti bardyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde döredijilik güýji bar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde bizi bagta ýetirip, asuda, abadan durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri has hem rowaçlansyn! Goý, Beýik Garaşsyzlygymyzyň dowamaty mundan beýlägem dowam bolsun! Toýlar-toýlara ulaşsyn eziz ildeşler!
Orazmuhammet SOPYÝEW, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň ýükçi mehanizatory.
- Biziň ata-babalarymyz hemişe Garaşsyzlygy, azatlygy, erkinligi arzuw edip gelipdirler. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Muňa ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky habar hem şaýatlyk edýär. Men Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunda 41 ýyldan bäri zähmet çekip gelýärin. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly ýyllarynyň dowamynda pudagyň ösüş depgini görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy. Milli Liderimiziň hut özüniň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz porty ähli döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu portuň işe başlamagy bilen halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag halkasyna öwrülen Türkmenbaşy şäheri ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda ornuny barha artdyrdy, onuň ykdysady hem-de syýahatçylyk derejesi ýokarlandy. Ýurdumyz tarapyndan gurulýan hem-de satyn alynýan tankerler, gämiler we beýleki deňiz ulaglary pudagyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ösüşine uly goşant bolup hyzmat edýär. Men şu ajaýyp, şatlykly, buýsançly pursatda ähli pudagyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi we eziz halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri has hem rowaçlansyn!
Nurberdi KULOW, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni.
- Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna - dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda awtomobil ulaglary pudagynyň ähmiýeti barha artýar. Bu ugurda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alynýar. Bu babatda güýçli depginde alnyp barylýan ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygy bellenmäge mynasypdyr. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýan bu taslamada ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirjek ýokary tizlikli ýoluň has oňaýly ugry göz öňünde tutulandyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly ynam bilen barýan günlerimizde döwletimiziň hemme şäherlerine we etraplaryna biri-biri bilen awtoulaglar arkaly aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik döredildi. Döwrebap ulag ýollarynyň düzümini ösdürmekde mynasyp ösüşler gazanylýar, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejede möhüm ulag ýollary gurulýar. Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagyny berkitmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan satyn alynýan döwrebap ýolagçy we ýük ulaglary, awtobuslardyr taksiler pudagyň tehniki binýadynyň berkliginiň kepilnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň awtoulag ulgamynyň ösüşi uzak möhletligi maksatnama esasynda amal edilýär. Bu ugurda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler örän buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: “Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy” diýip, uly buýsanç bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň şöhratly ýyllarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginde saklanylmagy milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar. Türkmen halkyny eşretli zamana alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun, eziz ildeşler!
Muhtar JORAÝEW, Türkmenabat halkara howa menziliniň uçuşlaryň elektroýagtylyk we tehniki üpjünçilik gullugynyň başlygy.
- Garaşsyzlyk - halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk - milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň köp döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlyklary alyp barýan, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan döwletimizde howa ulaglary pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Pudagyň baýry işgärleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň soňky 30 ýyldaky ösüşine yzygiderli şaýat bolup gelýärin. Garaşsyzlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde hereket edýän halkara howa menzilleri Ýewropadan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa tarap howa ýollarynyň ugrunda ýurdumyzy möhüm üstaşyr merkeze, sebitiň “howa derwezesine” öwürdi. Yzygiderli üsti ýetirilýän “Laçyn” nyşanly türkmen “Boing” uçarlary howa giňişliklerinde halkara gatnawlaryny giňden amala aşyryp, dünýäde özüni kämil, döwrebap awiasiýa ulgamly ýurt hökmünde tanatdy. Milli Liderimiziň halkara howa ulaglary hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek üçin alyp barýan işleri türkmen halkynyň has eşretli durmuşda ýaşamagynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Pudagyň ähli işgärleriniň adyndan ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň dünýä derejesinde abraýyny artdyran hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe belent, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin! Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn!
Nurgözel ORAZMUHAMMEDOWA, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň tehniki ulanyş müdirliginiň magistral aragatnaşygynyň halkara bölüminiň başlygy.
- Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bosagamyzda. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Ata Watanymyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýata elýeter edildi. Men hem pudagyň düzüminde köp ýyllardan bäri zähmet çekmek bilen, aragatnaşyk pudagynyň ýokary depgindäki ösüşiniň hem-de döwrebaplaşdyrylmagynyň janly şaýady bolup gelýärin. Pudagyň iş şertlerini we mümkinçiliklerini haýsy tarapdan alyp görenimizde hem 1991-nji ýyl bilen deňeşdirende, edil ertekilerdäki ýaly tapawut göze ilýär. Biziň zähmet çekýän bölümimizde “Huawey”, “Koriant” we beýleki kompaniýalaryň döwrebap enjamlary hyzmat edip, dürli ugurlar boýunça halka görnüşli halkara üstaşyr kanallara, şeýle hem, daşary ýurtlara çekilen milli kanallarymyza gözegçilik alyp barýarys. Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýmek bilen Garaşsyzlyk baýramyna uly ähmiýet berýär. Hawa, Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany! Biz bu gün Milli Liderimiziň saýasynda dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanamyza buýsanýarys. Şanly ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralary dowamat-dowam bolsun, eziz ildeşler!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi
Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.