GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA ÝURDUMYZYŇ RAÝAT AWIASIÝASYNDA ÝETILEN SEPGITLER

26-09-21

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde raýat awiasiýasy möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki döwürde ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek milli raýat awiasiýamyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu wezipeleriň aýdyň çözülmeginde täze halkara we ýerli howa menzilleriniň, howa gatnaw ugurlarynyň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde Türkmenistan soňky ýyllarda iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýär.

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, howa gämileriniň hem-de howa menzilleriniň howpsuzlygy, uçarmanlaryň hem-de ýerüsti işgärleriň ýokary taýýarlykly düzümini kemala getirmek boýunça halkara talaplaryny berk berjaý edýär.

 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän uly göwrümli maksatnamalar ýurduň ösüşiniň täze tapgyry üçin düýpli esas goýuldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan — Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda we işjeňleşmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilip, halklaryň bolelinligini gazanmakda kesgitleýji orun eýeleýän bu özgertmeleri, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu üstünlikler bolsa ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegine mümkinçilik döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýat awiasiýa pudagynyň ýokary depginli ösüşini gazanmakda hem uly aladalar edilip, halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Raýar awiasiýa pudagyndaky daşary ykdysady gatnaşyklar dünýä döwletleri bilen baglaşylan halkara ylalaşyklaryň esasynda we raýat awiasiýa pudagyndaky halkara konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar, şeýlelik bilen bu pudak daşary ýurtlar bilen 50-den gowrak dürli ylalaşyklaryň gatnaşyjysydyr, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO), Howa giňişligini ulanma geňeşiniň, şeýle hem Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa agentligi (EASA) bilen bilelikde hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň düzümini uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň eşret nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gojaman daglary ýakalap oturan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmagy milli raýat awiasiýamyzy ösdürmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Bu desga Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menzillerinden soňra, ýurdumyzda guruljak bäşinji Halkara howa menzili bolar. Daşoguz we Mary Halkara howa menzilleriniň durky täzelendi, halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlar oturdylyp doly derejede döwrebaplaşdyryldy. Häzirki wagtda welaýat merkezlerinde hereket edýän maddy-tehniki üpjünçiligi boýunça dünýä ülňülerine doly gabat gelýän Halkara howa menzilleri Ýewropadan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa tarap howa ýollarynyň ugrunda ýurdumyzy möhüm üstaşyr merkeze, sebitiň «howa derwezesine» öwürýär.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylyp, içerki we halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda, halk hojalyk ýüklerini daşamakda öz wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýat awiasiýa ulgamynyň ýerüsti infrastrukturasy barha pugtalandyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň halkara derejeli howa menzilleri, Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebi, lukmançylyk merkezi, “Laçyn” myhmanhana toplumy, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem awiasiýa işlerini we Türkmenistanyň howa giňişliginde üstaşyr geçelgeleriniň üpjünçiligini howpsuz ýerine ýetirilmesi boýunça bitewi önümçilik-tehnologiki prosesini üpjün edýän beýleki awiasiýa gulluklary pudagyň özenini düzýär.

Raýat awiasiýa pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Bu pudak ýyl-ýyldan güýçli depginler bilen özgerip, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda özüne degişli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň howa menzilleriň iş usullaryny döwrebaplaşdyrmak ýaly işleri maksat edinip, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu ugurda guramaçylykly çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, şeýle hem raýatlarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tehniki taýdan üpjünçiligi we onuň häzirki zaman uçarlar parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işiniň has-da kämilleşip, tehniki taýdan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, howa ulaglary pudagyna degişli binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, täze uçarlaryň birnäçesiniň satyn alynmagy umumy gazanylan ýokary netijeleriň gysgaça beýanyny düzýär. Aýratyn hem, soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň tehniki esasy hem düýpgöter özgerdi we kuwwatlandy. «Laçyn» nyşanly türkmen «Boeing» uçarlary bilen yzygiderli üsti ýetirilýän milli raýat awiasiýamyz dünýäde özüni kämil, döwrebap awiasiýa kompaniýasy we ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýat awiasiýasy “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan işlenilip düzülen we hökümetimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» esasynda güýçli depginler bilen ösdürilýär. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy»  taýýarlananda, “Türkmenistanyň Howa kodeksi”, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, Raýat Awiasiýasynyň Halkara guramasynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary ulanyldy. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasynda bu pudagyň işini özgertmek babatda köp sanly işler durmuşa geçirildi.  Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlaryň depginliligini artdyrmaga mümkiçilik berýär.

Howpsuz aeronawigasion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri «Thales» öňde baryjy fransuz kompaniýasynyň howa hereketini dolandyrmagyň radiolokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki günde ýurduň howa giňişliginde Howa hereketini dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine hyzmat edilýär. “Türkmenhowaýollary” agentligiň awiasion-tehniki bazasy, howa gämilerine hyzmat etmek boýunça uly döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awiasion-tehniki merkezi bar, ol şol bir wagtyň özünde 5 sany inçe fýuzelýažly we 3 sany inli fýuzelýažly howa gämileriň hyzmat etmesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli  goldawlarynyň netijesinde  “Türkmenhowaýollary” agentliginiň önümçilik işleri ýokarlanýar,  tehnikalary kämilleşýär we täzeleri satyn alynýar, şeýle hem howa menzilleriniň infrastrukturalary ösdürilýär. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa parkyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak maksady bilen howa parkynyň üsti ýyl-ýyldan täze, halkara ülňülerine laýyk gelýän howa gämileri bilen ýetirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparky dolulygyna täzelendi. Dünýäniň meşhur awiaulaglary öndürijileriň howa gämileri we dikuçarlary, şol sanda «Boeing» kysymly howa gämileri bilen milli raýat awiasiýamyzyň ulag-tehniki binýady pugtalandyryldy.

Türkmenistan transmilli howa ulag ulgamyny ösdürmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisini çagyrýar, ol sebitiň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, harytlaryň täze bazarlara çykarylmagyna we ulag harajatlarynyň kemeldilmegine ýardam eder, munuň özi diňe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergini üpjün eder.

 Häzirki wagtda raýat awiasiýa pudagyn üçin ýokary bilimli hünärmenleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri bolsa “Türkmenhowaýollary “ agentliginiň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde taýýarlanylýar. Şeýle hem Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan raýat awiasiýa pudagynda hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, awiasiýa  işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde, türkmen döwleti dünýäniň köp ýurtlarynyň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Bu ugurda “Türkmenhowaýollary” agentligi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm oruny tutýar.

Türkmenistan döwletimiziň milli raýat awiasiýasy ulgamynda gazanylýan mynasyp ösüşler hormatly Prezidentimiziň ilkinji nobatda türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýşy üçin edýän işleriniň netijesidir. Biziň eşretli ýaşamagymyz, döwrebap syýahat etmegimiz, joşgunly zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, işleri rowaç belent başy aman bolsun!

Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW, 
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

16744089c5ea3c.png
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


16745546428614.jpeg
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.


16745529d394f4.jpeg
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.


16745689131a82.jpeg
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi

Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:


1674556081043f.jpeg
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.