BERKARAR DÖWLETIMIZ ŞANLY GARAŞSYZLYK TOÝUNY TOÝLAÝAR

22-09-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly geçmişimizi, nurana şu günümizi we Watanymyzyň röwşen geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň hem-de halkymyzyň agzybirliginiň mizemez esasy bolup durýar. Ata-babalarymyzyň Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-isleglerini, halkymyzyň buýsanjyny hem-de nurana geljegimize bolan ynamyny özünde jemleýän beýik baýramçylygy türkmen halky uly dabara bilen belleýär.

Garaşsyzlygyň täze türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanunyň kabul edilen gününden bäri döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň jebisliginiň müdimi binýady bolan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkyny uly ösüşlere ýetirdi. Şöhratly geçmişimizi, şu günümizi we Watanymyzyň beýik geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň  esasy bolup durýar.

Garaşsyz ösüş ýoluna düşen döwletleriň her birinde öz milli buýsanjyna öwrülen binalaryň, milli gymmatlyklaryň bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Garaşsyzlyk binasy her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýan desgalaryň biridir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mizemezliginiň nyşany bolan bu bina paýtagtymyza aýratyn bezeg berýär hem-de özüniň özboluşly binagärlik çözgüdi bilen göreni haýrana goýýar. Uzaklardan seleňläp görünýän Garaşsyzlyk binasy ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerini, ýetýän belent sepgitlerini alamatlandyrýar.

Ata-babalarymyzyň garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw isleglerini, hem-de nurana geljegimize bolan ynamyny özünde­jemleýän beýik baýramçylygyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň aýdyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasy beýik maksatlarymyzyň myrat tapýandygyny aňladyp, türkmen paýtagtynyň görkana keşbine gözellik goşýar. Bu ajaýyp binanyň durky şanly baýramymyzy has-da dabaralandyryp, buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän döwrümizde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge ýurdumyzyň baş şygarydyr. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen gurulýan binalar, desgalar ynsan durmuşyny bagtyýarlyga we eşrete beslemäge niýetlenendir. Bu il-ýurt bähbitli işler milli Liderimiziň öz halkynyň arzuw-islegini, bähbitlerini hemme zatdan ileri tutýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzda paýtagtymyz bilen birlikde Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda gurulýan binalardyr desgalar hem häzirki döwürde Watanymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Merkezi Aziýanyň dürdänesi diýen belent ada mynasyp bolan paýtagtymyz Aşgabat bolsa bu günki gün görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Onuň ajaýyp binalary  milli binagärlik keşbi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun aldy.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler gazandy. Häzirki döwürde «Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary alyp barmak bilen gün-günden pugtalandyrýar.

Milli Garaşsyzlygymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty. Bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanyň,  eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň türkmen nusgasyny ýörelge edinen merdana milletimiz döwrüň peşgeş beren ajaýyplyklarynyň şaýady bolýar. Ynsanperwer ýüregi «Watanym, halkym – bagtym!» diýip urýan Milli Liderimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» şygaryny nusga edinip, geljegiň arzyly sepgitlerine gadam basýar.

Bitaraplyk derejesi halkymyza  ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Halkymyz üçin bu bagtly ýoluň açylmagynyň gözbaşy döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagyndan başlanýar. Ine, bu gün bolsa ýurdumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmen halkynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanan Garaşsyzlyk baýramymyz gutly bolsun!

Mundan 33 ýyl ozal dünýä inen Garaşsyz Watanym! Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna ýol açyp, sen köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdiň. Seniň mizemezligiň halkyň jebisliginde jemlenýär. Indi sen üç onýyllyk bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edip, ösüşli menziller bilen öňe barýaň. Goý, bu ýoluň asyrlara uzasyn! Otuz ýaşyň gutly bolsun, eziz Watanym!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata-babalarymyzyň yhlasy siňen keramatly topragymyzda agzybirlikde ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny ýurt möçberli dabaralara besleýär. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.

16744089c5ea3c.png
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


16745546428614.jpeg
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.


16745529d394f4.jpeg
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.


16745689131a82.jpeg
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi

Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:


1674556081043f.jpeg
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.