Garaşsyzlygyň milli ýörelgeleri

25-09-24

Garaşsyzlyk geçmişde halkymyzyň toplan baý medeni mirasyny we durmuş tejribesini jemgyýete gaýtaryp getirdi. Ata-babalarymyzyň nesillere galdyran baý medeni mirasynyň, giň dünýägaraýşynyň, paýhasly ýol-ýörelgeleriniň hakyky mirasyna eýe bolduk. Garaşsyz türkmen döwletiniň her bir raýaty bu adamkärçilikli ýörelgelerdir paýhas gorlarynyň dürdänelerini häzirki zaman jemgyýetinde gymmatlyk hökmünde nusga edinip aldy. Garaşsyz döwlete eýe bolandan soň halkymyz dünýä döwletleri bilen aýakdaş gitmäge, öz maddy hem ruhy gymmatlyklaryny halkyň bähbidine ulanmaga başlady.

Türkmen jemgyýetiniň aňyýeti-de, döwletimiziň ähli ugurlaryndaky görkezijileri-de hil taýdan täze derejä çykdy. Ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslendi. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň amala aşyrylmagy bolsa, Türkmenistan Diýarymyzy işewürligiň, dost-doganlygyň ilerleýän ýurduna öwürdi. Garaşsyzlygyň datly miweleri hakyndaky söhbetler bu günki gün halkymyzyň aýdyň ertirlere bolan mizemez ynanjyny has-da berkidýär. Türkmen halky Garaşsyzlyga eýe bolandan soň, milli ýörelgelerine aýak diräp, häzirki zaman jemgyýetinde saldamly işleri nazarlaýan täze dünýägaraýşa, täze bir aňyýete eýe boldy. Milli gymmatlyklardan ugur alýan Türkmenistan döwletimizde jemgyýetiň durmuşynda bolup geçen ähli özgerişler milletiň, umumadamzadyň bähbidine gönükdirilendigi bilen dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bütindünýä ähmiýetli beýik işleri bu günki gün dünýäniň abraýly halkara guramalary tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sebit, halkara derejesindäki ählumumy abadançylygy, parahatçylygy üpjün etmeklige gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigine älem-jahan şaýatdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda owazasy dünýä dolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň ykbalyny göterdi, Watanymyzy ähli ugurlarda okgunly ösüşi bilen täze belentliklere ýetirdi. Bu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen atalaryň arzuwlary hasyl bolýar. Eziz Diýarymyzyň mukaddes ýaşyl Tugy türkmen döwletiniň baky berkararlygynyň, abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň nyşany hökmünde dünýäniň ýüzünde buýsançly parlaýar.

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň köňül küýsegi bolsa, hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä ýaýylan taglymatydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda şol taglymat täzeçe many-mazmuna eýe boldy. Onuň özeninde türkmen halkynyň asyl köklerinden syzylyp çykýan hoşniýetlilik, goňşa hormat, dost-doganlyk, ýakyn hem alys ýurtlara sarpa, esasan-da, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda syýasaty ykdysadyýete, umumadamzat ösüşiniň bähbitlerine gönükdirmek ýörelgeleri ýatyr. Her bir ýurduň döwlet syýasaty, onuň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde tutýan ornunyň beýanydyr.

Türkmen halkymyz üçünji müňýyllygyň sepgidinde dörän Garaşsyz döwletimiziň bagtyýarlyk nuruna çaýylan ruhubelentligi bilen kalbynda beýik ynamy, egsilmez ruhy güýji besläp, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny uludan toýlaýar. Döwletimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz özleriniň gowudan-gowy sowgatlary, Diýarymyzyň ösüşlerine goşýan şahsy goşantlary bilen, zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyzlyk baýramyny bellediler.

Eziz Diýarymyzyň toýlary toýlara ulaşsyn, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Altyn HUBBYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.