TÜRKMEN BEDEWLERI — MILLI BUÝSANJYMYZ
07-05-25
Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar.
Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdeleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir. Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa “Ertir turup atyňy gör, ataňdan soňa atyňy” diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.
Atlaryň döreýişi, bakylyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenilişi, ýöreýiş görnüşleri, hassalyklary, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylan dermanlardyr-emleriň atlary, taýýarlanylyşy we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklary öz içine alan, şeýle hem bedewiň bezeg şaý-esbaplary barada giňişleýin gürrüň berýän gymmatly orta asyr ylmy-edebi miraslarymyz bolan çeşmelerden halk arasynda gadymy döwürlerden bäri atçylyk hünärine uly üns berlendigine göz ýetirýäris.Türkmeniň uçar ganaty — ahalteke bedewleri özüniň gözbaşyny örän gadymdan alyp gaýdyp, häzirki güne çenli şan-şöhratyny elden bermän gelýär. Halkymyzyň bedew atyna bolan söýgüsi çäksizdir. Ahalteke bedewleri has gadymy döwürlerden bäri deňsiz-taýsyz gözelligi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy bilen dünýäni haýran edýär.
Meşhur ahalteke atlarynyň eýesine wepalylygy, ynsan ýaly syzmagy, syratlylygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen hiç bir at tohumy, hiç wagt bäsleşip bilmändir. Ata-babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetleri kämilleşip, atçylyk-seýisçilik hünärine öwrülipdir. Seýisçilik hünäri atlary dürli tälimler arkaly seýislemekden, olaryň ganyny arassa saklamakdan, tohumçylyk-seçgi işini yzygiderli alyp barmakdan, irginsiz kyn zähmetden ybarat. Geçmişimize nazar aýlasak, ökde, ussat seýisler bolup, olar gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, inçe bil, uzyn aýak, gamyş gulak atlary ýetişdirmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Hatda seýislik käri ajaýyp sungata öwrülipdir.Hawa, türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Bedew ata yhlas edip, onuň mertebesini arşa göteren, şanyna dessanlar düzüp, ony altyn-kümüş bilen bezäp bilen halk diňe türkmendir. Bedew at ýaly ynsanyň ruhuna şeýle çuň aralaşyp bilen janly-jandar ýok. Üstüne münen adamyň erkine görä hereket etmek bedewiň möhüm häsiýetidir.
Gahryman Arkadagymyz özüniň: “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şohratymyz” atly kitabynda “Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar” diýip belleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň eşretli günlerinde hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge, behişdi bedewlerimiziň geçmişdäki şöhratyny häzirki döwrümizde hem dabaralandyrmaga ähli şertler döredildi. Welaýat merkezlerinde häzirkizaman atçylyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan bedewler hakynda edilýän aladanyň aýdyň kepilnamasydyr.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.