BELENT YNAMA MYNASYP ÝAŞLAR

07-05-25

Ýaşlar täze taryhy eýýamyň hereketlendiriji güýjidir. Olar döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Haýsydyr bir döwletiň geljekki ösüşini seljerjek bolsaň, ol ýurduň ylym-bilim ulgamyna berýän ünsüni, döredilýän şertleri we şolaryň ählisiniň ýaşlary bilen uýgunlaşygyny göräýmeli. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Bu ugurda ýaşlarymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Watan ýaşlar bilen öne barýar. Ýaşlar bolsa, Arkadagly Gahryman Prezidentimiz bilen öňe barýar. Şeýle sazlaşygy şöhratly ýylymyzyň adynda hem görmek mümkin. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wezipä girişmek dabarasynda ýaşlar syýasatynyň ösdürmäge uly üns berjekdigini mälim eden pursadyndan ýurdumyzda ýaşlara giň ýol açylýar. Ýaşlar syýasatyna döwletimiziň strategik ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär. Ine bu günki gün belent maksatlaryň we wezipeleriň bosagadan ätlän taryhy ýylymyzyň adynda berkidilmegi bolsa onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrýar.

Ynsan üçin belent zat ynamdyr. Adamlaryň arasyndaky bir-birine bolan hormat, sylag, sarpa ynamdan başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşan döwründe Watanyň şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanmak, ile-güne peýdaly iş edip, durmuşda öz ornuny tapyp ýurduň ösmegine, goşandyňy goşup, onuň hözirini görmek bagtyýarlygyň, ynama wepalylygyň nyşanydyr. Ine, şeýle bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesi döredijilikli zähmet çekýärler, Watanyň ösüşlerine mynasyp nesiller hökmünde goşant goşýarlar.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň egsilmez kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky alada geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanşykly hem-de asylly maýa goýumydyr. Şol bir wagtda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar.Ýurdumyzyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesiller baradaky köptaraply aladalaryň naýbaşy orunda goýulmagynyň çuňňur many-mazmuny şeýle mizemez hakykatda aýdyň ýüze çykýar.Şonuň üçinem ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza ,nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli ,watansöýüji, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak meselesi hemişe üns merkezinde durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollaryndan röwşen geljegine mizemez ynam bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz dünýäde ýaşlaryň bähbitlerini ileri tutýan, olaryň göwnejaý ösüp ulalmaklary babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe sürýän hem-de şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi döwrebap bilimli, ylymly, hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, her bir işe döredijilikli çemeleşmegi başarýan, türkmen halkynyň asyrlaryň kämillik mekdebini geçen milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän, halal zähmeti ykbalynyň mazmuny saýýan, watansöýüji, ruhubelent, geljege ynamly garaýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň hemişe baş maksady bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän, ylmy esaslandyrmalara hem-de anyk mümkinçiliklere daýanýan giň gerimli özgertmeleriniň düýp özeninde şeýle asylly maksada ýetmekdäki tagallalaryň durmagy ýaşlary diýseň buýsandyrýar.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Merjen JARÇYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.