Berkarar döwletimiziň awtoulaglar ulgamy kämilleşýär

09-10-21

Ýurdumyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly köp sanly işleri amala aşyrýar. Munda awtomobil ulaglary pudagynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýänligini hem bellemek gerek. Awtoulag mümkinçilikleriniň açylmagy üçin yzygiderli geçirilýän netijeli hyzmatdaşlyklar möhüm orna eýedir.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman transdüzümleri gurmak bilen birlikde, halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak arkaly onuň netijeli hereket etmeginiň ýokarlandyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitdäki ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri ýük awtoulaglarynyň esasynda açylýar. Döwrüň ýagdaýyna laýyklykda, ulag gatnawlarynyň amal edilmegi bu ugurlar boýunça amala aşyrylyp, durnukly depginde üpjün edilýär. Awtoulaglar arkaly ýükleri daşamak işiniň häzirki güne çenli ýokary netijeleri berip gelmegi onuň milli Liderimiziň tagallalary esasynda döredilýän kämil şertleri bilen baglanyşyklydyr. Muny ýurdumyzda degişli ugruň maddy-tehniki düzümi hem doly subut edýär. Ol bolsa döwrüň, importyň we eksportyň zerurlygyna laýyklykda özgerip durýar.

Soňky ýyllaryň dowamynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň amal edýän işleriniň çäginde aýratyn iteriji güýç bolup maddy üpjünçiligiň ýokary derejelere göterilmegi çykyş edýär.

Golaýda Russiýanyň öňdebaryjy ýük awtoulaglar öndürijisi bolan «KAMAZ-yň» Türkmenistanda öndürijiligiň hyzmat merkezleriniň sanyny barha artdyrmagy meýilleşdirýänligi mälim boldy. Bu barada ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem beýan edildi. Kärhananyň degişli hyzmat merkezleriniň gurluşygy häzirki wagtda Mary, Türkmenabat, Daşoguz we Balkanabat şäherlerinde göz öňüne tutulyp, olaryň işini doly amal etmek meýilleşdirilýär. Şu barada bellemek bilen, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň ulag düzümini kämilleşdirmek, şonuň bilen birlikde hem ýurdumyzyň halkara ulag gatnawlaryny amala aşyrmakda esasy tehnikalaryň biri hökmünde çykyş edýän «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň üpjünçiligini ýeterlik derejede ýola goýmak dogrusynda aýratyn nygtaýanlygyny aýtmak gerek.

Häzirki wagtda bar bolan maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan sebitde «KAMAZ» önümlerini satyn almakda öňdebaryjy orna eýe bolup, hyzmatdaşlygyň bu ugruny ýakyn geljekde hem ýygjamlaşdyrar. Mälim bolşy ýaly, ýylda 1000 ýük awtoulagyna hyzmat etmek üçin niýetlenen ilkinji hyzmat ediş nokady Russiýanyň awtoulag öndürijisi tarapyndan 2008-nji ýylda paýtagtymyzda açylypdy. Mundan başga-da, awtoulaglar pudagynda milli Liderimiziň tagallasy bilen geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda has kämilleşdirilen, birbada köp sanly hyzmatlary amala aşyrmaga ukyply bolan Awtoulag toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Bu özgertmeler we söwda-ykdysady gatnaşyklar pudagyň häzirki döwürde hem, geljekde hem depgini gowşatmajakdygyna şaýatlyk edýär.

Saparmyrat HANOW, 
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.