Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň waspy

30-10-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. 

Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir manysy däl, eýsem, çeperçilik serişdeleri, dil baýlyklary hakynda hem bellemek gerek. Goşgularyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilýändigini edebiýatçy alymlaryň işlerinde görmek bolýar. Esasan hem bu goşgularyň halka täsirli bolmagynda türkmen diliniň söz baýlyklarynyň uly orny bar. Şahyr ene dilimiziň söz baýlyklaryny ýerlikli peýdalanyp, döredijiligi bilen baýlaşdyrypdyr. Şeýlelikde, pikirler, setirler sazlaşyp many-mazmun emele gelýär. Şeýle ussatlyk bilen Watanyň waspyny ýetirmegiň özi aýratyn ähmiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.

Şahyryň dürli mowzukdaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbi-ýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. Şahyryň watançylyk, gahrymançylyk baradaky goşgularyna üns bersek, “Ýeli Gürgeniň”, “Türkmeniň”, “Gidiji bolma”, “Depe nedir, düz nedir”, “Gözlär men” ýaly goşgularynyň çuňňur mazmunyny görýäris. Bu goşgularyň içinden Watany söýmek, il-güne wepaly bolmak, batyrlyk, edermenlik baradaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle goşgular ýaş nesilleri watançylyk mekdebinde terbiýelemekde hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar.

Şahyryň “Aty gerek”, “Mert biläni”, “Meýdan ýoluksa”, “Begler” ýaly goşgulary mertligi, gaýduwsyzlygy öwüt-ündew edýär. Şeýle goşgular nesilleri merdanalyk, watansöýüjilik mekdebinde terbiýelemekde örän möhümdir. Çünki bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgelerini görmek bolýar. Şahyryň döredijiliginde ynsanperwerlik, dost-doganlyk, myhmansöýerlik ýaly ýörelgeleri hem görmek bolýar. “Mert çykar myhmana güler ýüz bile” diýen setirde türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň waspyny görmek bolýar. Halkymyzyň dost-doganlyk ýaly asylly ýörelgesi öwüt-ündewli goşgularda getirilmek bilen, ýaş nesillerde oňat häsiýetleri terbiýeleýär. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelgeler edebiýatyň hem baş ugry bolmagynda galýar. Ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary terbiýeçilik ähmiýete eýe boldy, nusgawy edebiýatyň esasy özenini düzdi. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýat öwrenilende, ilki bilen, şahyryň goşgularynyň many-mazmuny hakynda beýan edilýär.

Umuman, şahyr watansöýüjiligi, mertligi, merdanalygy, gaýduwsyzlygy, sözüň doly manysynda iň oňat häsiýetleri döredijiligine siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu oňat häsiýetleri wagyz edýän goşgular asyrlardan-asyrlara aşyp baky ýaşaýar. Munuň özi diňe adamyň däl-de, eýsem, ähli adamzadyň köňlünde ýagşylygy oýarýar, kalplary nurlandyrýar. Şeýle ajaýyp döredijiligi öwrenmek we nesillere wagyz etmek her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Akyldar şahyryň arzuwlary ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Bu günki gün türkmen halky agzybirlikde beýik ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ajaýyp döwürde hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenýäris, ýaş nesillere wagyz edýäris. Munuň özi milli ýörelgeleriň rowaçlanmagyna, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge oňat täsir edýär.

Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.