Halkara deňiz porty we sanly ykdysadyýetiň hünär taýýarlamakda giň mümkinçilikleri

11-10-21

“Häzirki döwür täze garaýyşlardyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagaty döredýäris” diýip, Hormatly Prezidentimiz golaýda ak paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öz çykyşynda belläp geçdi.

Sanly ykdysadyýete çeçiş –  jemgyýetde giň gerimli we köp ugurly özgerişleri öz içine alýan düýpli öwrülişikdir. Sanlaýyn ulgamy ylym we bilim pudaklarynda giňden ornaşdyrmak ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçişiň möhüm ugrudyr. Hususanam ýokary okuw mekdeplerinde sanlaýyn tehnologiýalary we usullary ulanmak olaryň okuw, ylmy-barlag we dolandyryş işjeňliginiň netijeliligini düýpgöter ýokarlandyrýar. Muny ylym we bilim ulgamynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň Karary arkaly “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Konsepsiýanyň güýje girmegi bilen badalga alan özgerişleriň bütin barşy hem aýdyň tassyklaýar. Şu döwrüň dowamynda bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek, okuw işlerini sanly tehnologiýalaryň binýadynda üýtgedip guramak barada yokary okuw mekdeplerinde amala aşyrylan işler – sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň işjeň ornaşdyrylmagy, sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiliginiň, onuň binýadynda bolsa sanly bilim portallarynyň işlenip düzülmegi, mugallymlaryň sanly tehnologiýalar boýunça endikleriniň we başarnyklarynyň ýokary depginde kämilleşdirilmegi eýýämden özleriniň oňyn netijelerini görkezýär. Okuw sapaklary has dinamik, gyzykly we çeýe häsiýete eýe bolýar. Döredilen elektron okuw materiallary (elektron gollanmalar, prezentasiýalar, wideosapaklar we ş.m.) köp gezek ulanylmak bilen, mugallymlaryň sapaklara taýýarlanyş wagtynyň tygşytlanmagyna getirýär. Bu bolsa olara talyplar bilen işleşmäge has köp üns bermek üçin mümkinçilik döredýär. Okuwyň gidişine sanlaýyn ulgamlaryň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň talyplar bilen interaktiw materiallary alyşmagyny, käbir meseleler boýunça talyplar bilen pikir alyşygy guramagyny, ýumuşlaryň ýerine ýetirilişine hakyky wagtyň düzgüninde baha bermegini üpjün edýär.

Okuw işinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy talyplaryň öz bilimlerini, maglumatlaryny paýlaşmagyna, pikirlerini ýüze çykarmaklaryna, çözgütleri aýtmaklaryna has giň mümkinçililer döredip, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini aýdyňlaşdyrmaga ýardam edýär. Şu ýerde Hormatly Prezidentimiziň şu günki ýaşlarymyzyň ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýandygy, bagtyýar ýaşlarymyzyň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýandyklary baradaky  sözleriniň buýsandyryjy hakykatdygyna öz tejribämizde göz ýetirýäris.

Bir öz ýokary okuw mekdebimizde hut sanlaýyn ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlaýandygymyzdan ugur alyp işleýäris. Ýurdumyzda häzirki döwürde demir ýol, deňiz, awtoulag, howa menzilleri we ulag ulgamynyň gaýry dolandyryş desgalaryny bina edilende  Milli Liderimiziň her bir gurulýan täze binalarda ylmyň we tehnikanyň iň täze nusgaly enjamlaryny peýdalanmak, öňdebaryjy dünýä tejribelerini durmuşymyza giňden ornaşdyrmak baradaky talaplary gyşarnyksyz berjaý edilýär. Çünki bu amala aşyrylýan işler Milli Liderimiziň başyny başlan ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň aýgytlaýjy ugrudyr. Meselem, Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň giňişligindäki ähli desgalarda ýük ýükleýiş we düşüriş işlerine gözegçilik etmek awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň hem-de elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylar. Bu kärhana iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmy usullaryň ornaşdyrylýan hem-de ulanylýan ýeri bolup, ol biziň talyplarymyz bilen amaly okuwlaryň we tejribelikleriň geçirilmegi üçin örän amatly şertlere eýedir.

Türkmenbaşynyň täze deňiz menziliniň önümçilik kuwwaty, döwrebaplygy, ykdysady tygşytlylygy öňdebaryjy, innowasion usullaryň, sanlaýyn dolandyryşyň  has amatlylygyny we netijeliligini gysga wagtyň dowamynda aýdyň görkezen delillerdir.   Bu iňňän häzirkizaman önümçilik binalaryndaky awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar arkaly hünärmenler üçin örän rahat, howpsuz we arassa iş şertleri üpjün edilendir. Bu kärhanalarda hünärmenlerden iň köp talap edilýän sypatlar – çuňňur ylym-bilimlilik, döwrebap tehniki sowatlylyk, maglumat tehnologiýalaryndan we awtomatikadan has ýokary derejede baş çykarmakdyr. Şoňa görä-de biz öz talyplarymyzda hut şu hili bilim-hünär sypatlarynyň kemala gelmegini gazanmak üçin yhlas edýäris. Bu kärhanada amaly sapaklary we tejribelikleri geçýän talyplarymyzyň iň häzirkizaman innowasion usullardan birkemsiz baş çykaryp, sanly ulgama ezber we ynamly erk etmekde görkezýän başarjaňlygy geljekki hünärmenlerimize  ýurdumyzda emele gelýän sanly ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp boljakdygyny tassyklaýar. Bu bolsa  ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan işläp taýýarlanan “Türkmenistanda 2020−2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmäge öz mynasyp goşandymyzy  goşmak ugrunda biziň alyp barýan yhlasly işimiziň aýdyň we buýsançly görkezijisidir.   

Ulag işgärleriniň täze nesliniň öz yhlasly we gujurly zähmeti bilen ýurdumyzy dünýä tanadyp, ýokary tehnologiýada we ykdysadyýetde belent derejeli döwlet bolmagyny gazanjakdygyna, ýaşyl Tugumyzyň mertebesini hasam belende göterjekdigine Gahryman Arkagymyzy we halkymyzy ynandyrýarys.

Gülistan BEZIRGENOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.

16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.


16a8bde13d0a33.jpeg
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


16a8bdc1c5aca6.png
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.