Dostluk ýollary dünýä uzaýar
14-10-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz öz ösüşiniň täze basgançagyna gadam basdy. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde ylymda, bilimde, sportda şonuň ýaly-da daşary syýasatda beýik işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň halklary bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda:
“Biz Garaşsyz Türkmenistanymyz üçin saýlap alan ýolumyzy “oňyn Bitaraplyk” diýip atlandyrdyk. Şoňa görä, ýurdumyzyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar” – diýip belleýär. Hut şu babatda hem eziz Diýarymyz bütin dünýäniň döwletlerine dostluk ýollaryny açyp, ynsanperwerlik syýasatyny amala aşyrýar. Munuň özi ykdysady we syýasy netijeleriň hem ýokary bolmagyna itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty bu gün diňe bir Türkmenistan döwletimizde ykrar edilmän dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem ykrar edidi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny we alyp barýan işleri ilki bilen türkmen döwletiniň daşary syýasatyna esaslanýar. Mähriban Prezidentimiziň iňňän öňdengörüjilikli we pähim-parasatly syýasatynyň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň adyndan öňe sürýän başlangyçlarynyň we gymmatly teklipleriniň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasy tarapyndan taryhy ähmiýetli möhüm Rezolýusiýalaryň kabul etmegi has hem buýsandyryjydyr. Türkmen döwletiniň daşary syýasaty milli bähbitlerden, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk statusyndan ugur alýar.
Türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen gatnaşygy berkitmeklige gönükdirlendir. Häzirki wagtda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine girýän döwletleriň aglabasy bilen söwda ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň bähbitleri bolman, eýsem goňşy döwletleriň hem ykdysady ösüşine uly täsirini ýetirýär.
Türkmenistan örän gysga döwrüň içinde dünýäniň döwletleri, halkara guramalary bilen işewür hyzmatdaşlyga girdi. Biziň ýurdumyz Bitaraplyk döwrüniň dowamynda dünýäniň 140 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletlerinde ilçihanalary, konsullary bar. Türkmenistan halkara guramalarynyň 46-nyň agzasydyr. Türkmenistan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny özünde jemleýän resminamalaryň 131-ne goşuldy.
Göwher DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.