Saglyk - baş baýlyk

04-04-23

Her ýylyň 7-nji apreli 1948-nji  ýylda döredilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kabul edilen, Bütindünýä saglyk günini ähli ýurtlar diýen ýaly gyzgalaňly ýagdaýda belleýärler. Bu baýramy bellemeklik 1950-nji ýyldan bäri dünýä ýurtlarynda, şeýle-de biziň ýurdumyzda-da uly däbe öwrüldi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 194 sany döwletiň agzalygyndan ybaratdyr. Onuň esasy baş  wezipesi dünýä ilatynyň halkara saglyk meselelerini çözmekdir.

Häzirki zaman durmuş şertlerinde saglygy goramak we berkitmek meseleleri has-da möhüm hasaplanýandyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bu günde dünýä ýurtlarynyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar toplumyny, çap edýär we hasabat esasynda çagalaryň şeýle-de, täze doglan çagalaryň saglyk ýagdaýlary, dürli keseller,akyl saglygy hem-de daşky gurşaw ýagdaýlarynyň täsirinde ýüze çykýan näsazlyklary barada maglumatlary jemleýärler we alnan maglumatlar esasynda saglyk ýagdaýlara gözegçilik etmek ulgamlarynyň çäginde  degişli çäreler alyp barýarlar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň beren kesgitlemesine görä “Saglyk-bu diňe bir keseliň ýa-da ejizligiň bolmadyk ýagdaýy däl-de, eýsem doly fiziki we akyl taýdan abadançylyk ýagdaýydyr” diýilýär. Her ýyl aprel aýynda Bütindünýä Saglyk günine bagyşlanan çäreler bütindünýäde başlaýar. Şanly sene mynasybetli biziň ýurdumyzda-da sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri dürli çärelerdir, ýaryşlar diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerlikli ýaýbaňladyrylýar.

Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolan Türkmenistan döwletimiz saglyk gününe bagyşlanan çäreleri üstünlikli geçirmek bilen, dünýä ýurtlarynyň köpüsi bilen ugurdaş düzüme eýe bolýar. Şeýle  möhüm çäreleriň  geçirilmegi ýurdumyzyň sagdyn beden, sagdyn ruhly ilatynyň gelejekde-de sagdyn nesilleri kemala getirmeginiň esasy kepili hasaplanýandyr.

 Taýýarlan Nazar SEÝIDOW,
T
ürkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ  Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.