HALKARA ULAG ULGAMY – ÖSÜŞE TARAP ULY ÄDIM
15-10-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze innowasion ugurlarynda, senagatda, logistikada ykdysady gatnaşyklarynda, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynda döwrebap maksatnamalaryň amala aşyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly itergi berýär. Dünýäniň çarýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň birnäçesiniň welaýatlarymyzyň çäginden gözbaşyny alýandygyny we zerur bolan döwrebap menzilleriň gurlandygyny görkezmek bolar. Bu bolsa häzirki zaman ulag-kommunikasiýa düzümini döretmäge uly goşant boldy.
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde kämil ulag düzüminiň ähmiýeti örän ýokarydyr. Ulgamyň üsti bilen dünýä bilen ýakyn gatnaşyk etmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amatly şertleri üpjün edilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelmegine hem öz täsirini ýetirýär.
Ulaglar pudagynyň tehniki düzümi hem baýlaşdyrylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna saparynyň dowamynda hem iki ýurduň arasynda ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berlip, taraplar howa gatnawlaryny tapgyrlaýyn täzeden dikeltmegi, 2022-nji ýyl üçin özara nyrh ýeňilliklerini işläp düzmek barada ylalaşdylar. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ulanmagyň geljegini mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri işläp düzmek we kabul etmek boýunça birnäçe işler alynyp barylýar.
Türkmenistanyň ulag-ýol düzümini giňeltmek ugrundaky tagallalary sebitde giňden goldaw tapýar. Ulag-aragatnaşyk düzüminiň giňeldilmegi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalanmagyna hem ýardam edýär. Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen hyzmatlaryň hili ýene-de yzygiderli ýokarlanýar, olaryň görnüşleri artýar, üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberleri köpelýär. Sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň hereketiniň hakyky wagt birliginde awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylmagynda giň mümkinçilikler açyldy.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda dostluk ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamynyň ösüşiniň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.
Biz ― ulag pudagynyň ýaş hünärmenleri şeýle iri halkara transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, maksatlary myrat tapsyn!Arkadag Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde sanly geçelgäni döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy we goňşy döwletler bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada deslapky ylalaşyga geldiler. Bu barada sişenbe güni Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berdi.
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler alnyp baryldy. Halkara derejeli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, medeni çäreler we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj zyýaraty boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 8–11-nji noýabry aralygynda Jidda şäherinde geçirilen VI Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Sanly tehnologiýalar we döwrebap ulag-logistika – ýollaryň akylly ulgama öwrülişi
Ulag-logistika pudagy häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we tehnologik taýdan özgerýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän çözgütler diňe bir ýük daşamalaryň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny, açyklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýollar, ulag serişdeleri we sanly tehnologiýalar bitewi ulgam hökmünde özara baglanyşykda hereket edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.