ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRY

03-06-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden we geljekki ösüşleri nazarlaýan sanly ulgam özgertmeleri barha ýaýbaňlandyrylyp, bu babatda maksatnamalaýyn işleriň gerimi has-da giňeýär. Uly üstünliklere beslenip gelýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem eziz Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda sanly ykdysadyýete esaslanýan uzakmöhletleýin maksatnamalar amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasiýalar we täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, durmuşa geçirilýän işlerde dünýä tejribesine, ylmyň gazananlaryna esaslandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, olara innowasion häsiýet bermäge gönükdirilendir. Onuň çäklerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hereket edýän edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, halka ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edilýär. birinji tapgyr 2019-njy ýyllarda, ikinji tapgyr 2020 — 2023-nji ýyllarda, üçünji tapgyr bolsa 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar. Her tapgyrda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan maksatnamalar we taslamalar toplumy durmuşa geçiriler. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we düzüm taýdan üýtgedip gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, durmuş meselelerini çözmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň täze ulgamyny döretmek, pul-karz, salgyt-býujet we nyrhlar ulgamyny kämilleşdirmek, milli puluň gymmatyny ýokarlandyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda edara-kärhanalara halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy, olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi, hyzmatlaryň elektron ulgama geçirilmegi halka hyzmat etmek işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy. Şonuň netijesinde hem bu gün ýurdumyz dünýä ösüşine has işjeň goşulyşýar. Adamzat taryhynyň häzirki globallaşma döwri adamlaryň arasyndaky araçäkleriň uzaklygyna garamazdan, özara baglanyşygy üpjün etmegiň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu gatnaşyklar jemgyýetde maglumatlaryň alyş-çalşygyna ýardam edýän tehnologiýalaryň ösüşiniň möçberi we depgini boýunça üpjün edilýär.

Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly möçberli meýilnamalar, döredilýän giň mümkinçilikler türkmen halkynyň şu günki we ertirki nesliniň bähbidine gönükdirilendir. Bu gün türkmen ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de galkyndyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hoşniýetli içeri hem daşary syýasatlaryny durmuşa geçirmäge, döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelerine we ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşup, işde, döredijilikde ägirt uly üstünlikleri gazanýarlar.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Gurbanberdi KÄBEMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.