ARZUWLAR AMALA AŞANDA
16-10-21
Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň altyn asyry” bäsleşigine
Haýrullanyň kakasy Gaýbulla aga ömrüniň 42 ýylyny demir ýolda işläp geçirdi. Onuň işden boş wagtlary halk hojalyk ýükli otlularyň gatnawy, demir ýoluň abatlanylyşy baradaky berýän gürrüňleri heniz orta mekdepde okap ýören oglunda gyzyklanma döredýärdi. Ol öz ýanyndan kakasy ýaly demir ýolda işlemegi arzuw edýärdi. Şol arzuwlary hem Haýrulla Nurullaýewi 1980-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki ulag we inženerçilik institutynyň gapysyndan getirdi. Bu ýokary okuw jaýynyň gurluşyk fakultetini gatnaw ýollarynyň inženeri hünäri boýunça tamamlan Haýrulla Nurullaýew Türkmenabat rels kebşirleýji otlusynda ussa bolup zähmet ýoluna başlady.
Ýaş hünärmeniň erjelligi, zähmetsöýerligi, başarjaňlygy hemmäniniň ünsüni özüne çekýärdi. Bary-ýogy bir ýyla golaý wagt geçip-geçmänkä onuň ugurtapyjylygy, başarjaňlygy, işine gaýymlygy göz öňünde tutulyp, şol wagtky Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen edarasynyň düzümine geçirildi. Bu ýerde topar ýolbaşçysy, hereket howpsuzlygy bölüminiň derňewçisi wezipelerinde işlän halypa halal zähmeti bilen ýoldaşlaryna görelde boldy. Onuň guramaçylyk ukyplary göz öňünde tutulyp, 1995-nji ýylda zähmeti goramak we ekologiýa bölüminiň başlyklygyna bellendi. Bu ýerde 5 ýyllap zähmet çeken Haýrulla aga 2000-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli ýol hojalygy bölüminiň esasy hünärmeni, başlygyň orunbasary wezipelerinde zähmet çekdi.
Her bir işgär bilen ýaş aýratynlyklaryna görä, dilini tapyp, işleşmek uly ussatlygy, jogapkärçiligi talap edýär. Bu zatlaryň hötdesinden aňryýany bilen gelýän Haýrulla aga “ýigide müň dürli hünär hem azdyr” diýen pähimden ugur alyp, bagtyny mugallymçylyk kärinde hem synap görmegi makul bildi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda halypalyga ýeten Haýrulla aga, demir ýol pudagynda öwrenen tejribesini ýaşlara sapak hökmünde bermegi öz öňünde maksat edinip goýdy. Bu maksady hem ony 2013-nji ýylda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň gapysyndan getirdi. Bu ýerde 3 ýyllap ýaşlara sapak beren Haýrulla aga demirýolçy bolmagyň inçe syrlaryny, onuň dürli ugurlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezmek ugrunda tagallasyny gaýgyrmady. 2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli “Türkmendemirýollary” agentliginiň tehniki kadalaşdyryjy namalar bölüminiň hünärmeni bolup işleýän halypa ýoldaşlary tarapyndan uly hormatdan peýdalanýar. Tejribeli demirýolçy hökmünde onlarça işgäre halypalyk edýän Haýrulla aganyň zähmet ýoly ýaşlara görelde mekdebi diýsek ýalňyşmarys. Munuň özi käriňe, hünäriňe garamazdan zähmet adamsy üçin uly bagt ahbetin! Bu ýerdäki halypalaryň hemmesi-de şägirtligi gören adamlar. Haýrulla aganyň özi-de işe gelen ilkinji günlerinden halypalyk goluny uzadan tejribeli demirýolçylar Gündogdy Kaşlykow, Aleksandr Nikolaýnikow dagylary häli-häzirem ýadyndan çykaranok.
Nurullaýewleriň maşgalasyna hakyky demirýolçylar maşgalasy diýsek ýalňyşmarys. Çünki, Haýrulla aganyň ähli doganlary hem, maşgala agzalary hem bu pudagyň işgäri. Umuman aýdylanda 4 doganyň ählisi demirýolçy. Olardan Seýdulla Türkmenabat rels kebşirleýiş otlusynda, Nasrulladyr Abdulla Türkmenabat ýol we desgalar edarasynda abraý bilen zähmet çekýärler. Haýrulla aganyň gyzy Dinara bolsa “Türkmendemirýoltaslama” institutynda hünärmen bolup işleýär.
Hawa, biregne 40 ýyllap demir ýol pudagynda yhlasly zähmet çeken halypanyň durmuşynda ýatdan çykmajak “güýzleriň” köplügi has-da guwandyryjy. Bütin ömrüni bir käre bagyşlan Haýrulla Nurullaýew birnäçe gezek Şa serpaýyna mynasyp boldy. 2016-njy ýylda “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy” ýubileý medaly bilen sylaglanan halypa, ýaňy-ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem “Gaýrat” medaly bilen sylaglandy. Iki gezek şa serpaýyna mynasyp bolan halypa, bu pursatlary “Hormatly Arkadagymyzyň ynamyna mynasyp bolandygyma çäksiz buýsanýaryn”, “Ýatdan çykmajak pursatlar”, “Çeken zähmetime döwletimiziň beren ýokary bahasy” ýaly sözler bilen ýatlaýar. Bütin ömür halallyk bilen öz zähmetini ykbala öwüren halypanyň, çekýän zähmetine döwlet tarapyndan mynasyp sarpa goýulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşy çäksiz.
Halypa hünärmeniň zähmet ýoly baradaky ýakymly ýatlamalaryny, gürrüňlerini dykgat bilen diňläp durşumyza bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirt gatnaşyklaryna ak ýol açyp, oňa täze, döwrebap röwüş beren hormatly Prezidentimize minnetdarlygyň, buýsanjyň ýene bir ýola kalbyňa dolýar. Tamara gelnejämiz bilen sylag-hormatly maşgalabaşy hökmünde tanalýan Haýrulla aganyň hormatly Prezidentimiziň eýe eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda zähmet adamsy baradaky aladanyň döwlet derejesine çykýanlygyndan hem göwni diýseň hoş. Bu işleriň sakasynda duran we ýurdumyzyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza bu günki gün tutuş dünýä guwanýar, alkyşlaýar. Il alkyşy bolsa altyna deňelýär.
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.