Howa hereketini dolandyrmak – uçuşlaryň howpsuzlygynyň özeni

19-10-21

20-nji oktýabr awiadispetçerleriň halkara güni

1961-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Amstredam şäherinde Howa hereketini dolandyrýjylar birleşiginiň Halkara federasiýasy (IFATCA-International Federation of Air Traffic Controllers' Associations) döredildi. Bu waka howa ulagynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Şunuň bilen baglylykda dünýäniň köp ýurtlarynda her ýylyň 20-nji oktýabry howa hereketini dolandyryjy hünärmenleriniň hünär baýramçylygy - Howa hereketini dolandyryjylaryň (awiadispetçerleriiň) halkara güni hökmünde bellenilýär.

Raýat awiasiýasynda ýük we ýolagçy howa gatnawlaryny häzirki zaman görnüşinde dolandyrmagyň düzgünleri IFATCA döredilenden soň emele geldi. Häzirki wagtda bu halkara federasiýa dünýäniň dürli künjeklerinden 50 müňden gowrak howa hereketini dolandyryjy hünärmenlerini öz içine alýar.

Asmanda ýolagçylaryň howpsuzlygy diňe bir uçarmanlara, uçarlaryň ygtybarlylygyna, awiakompaniýanyň tehniki işgärlerine däl, eýsem howa hereketini dolandyryjylara-da baglydyr. Bu hünäriň wekillerine ägirt uly jogapkärçilik ýüklenýär. Bu hünärmenler diňe bir öz hünär ussatlyklary bilen çäklenmän, eýsem ýörite psihologiki taýýarlygy hem talap edýärler.

Stres ýagdalarynda durnuklylyk,jogapkärçiligiň ýokary duýgulary,öz ünsini dolandyryp bilmek  başarnygy, gowy sagdyn bolmaklyk özüniň işiniň ähli dowamynda howa hereketini dolandyryjy hünärmeniniň esasy aýratynlygydyr.Howa hereketini dolandyryjy- dispetçer enjamlarynyň işleýiş prinsiplerini,howa gämileriniň tehniki häsiýetnamalaryny,daşary ýurt (iňlis) dilini, hökmany bilmelidir. Onuň zähmeti howa gämisiniň ekipažynyň hem-de aerodromyň we howa menziliniň gulluklarynyň işi bilen berk baglanyşyklydyr.

Bu hünärmenler uçaryň hereketine hereketlendirijiniň işe başlan pursatyndan, uçup niýetlenen aerodromda gonandan soň uçar duralgasyna sürüp, baryp durup, hereketlendirijisiniň işini duruzýança gözegçiligi amala şyrylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde howa ulagy pudagynyň ýokary depginli ösüşini gazanmakda hem uly aladalar edilip, halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasynda bu pudagyň işini özgertmek babatda köp sanly işler durmuşa geçirildi.  Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlaryň depginliligini artdyrmaga mümkiçilik berýär.

Howpsuz aeronawigasion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri «Thales» öňde baryjy fransuz kompaniýasynyň howa hereketini dolandyrmagyň radiolokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki günde ýurduň howa giňişliginde Howa hereketini dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine hyzmat edilýär.

Häzirki wagtda raýat awiasiýa pudagyn üçin ýokary bilimli Howa hereketini dolandyrýjy hünärmenleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri bolsa “Türkmenhowaýollary “ agentliginiň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde taýýarlanylýar. Şeýle hem Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan raýat awiasiýa pudagynda howa hereketini dolandyrýjy  hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, bu işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistan döwletimiziň milli raýat awiasiýasy ulgamynda gazanylýan mynasyp ösüşler hormatly Prezidentimiziň ilkinji nobatda türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýşy üçin edýän işleriniň netijesidir. Biziň eşretli ýaşamagymyz, döwrebap syýahat etmegimiz, joşgunly zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, işleri rowaç belent başy aman bolsun!

Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.