TUTANÝERLI ZÄHMET ÜSTÜNLIGE RUHLANDYRÝAR
20-10-21
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň Ulaglary bejeriş ussahanasynda dürli kesp kärli işgärler awtoulaglary ýokary hilli abatlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini we ýolagçy gatnawyny ýokary hilli guramakda tutuş toplumyň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär. Awtomobil ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Pudagyň ulag parkyny berkitmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan satyn alynýan döwrebap ýolagçy we ýük ulaglary, awtobuslardyr taksiler raýatlarymyza bökdençsiz hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän aladalaryny goldap, tutanýerli zähmet çekýärler.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda "Lebapawtoulag" önümçilik birleşiginiň sürüjileri kärhanada bar bolan dürli kysymly tehnikalaryň abat ýagdaýda bolmagyny gazanmak maksady bilen, olara talabalaýyk derejede tehniki taýdan hyzmat edýärler. Ýükleri daşaýan ulaglaryň abatlyk ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Sürüjilerimiz daýhan birleşiklerde pagta hasylyny daşamakda, şeýle-de beýleki zerur ýükleri bellenen möhletinde eltmekde ýadawsyz hyzmat edýärler. Bu möhüm işe birleşigimiziň mehaniki-abatlaýyş ussahanasynyň başarjaň işgärleri hem öz goşandyny goşýarlar. Biziň üçin esasy zat abatlanan her bir ulagyň köp wagtlap umumy işe hyzmat etmegidir. Şonuň üçin bu meselä örän ünsli hem-de ýokary jogapkärçilikli çemeleşýäris.
Şanly ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda geçilen şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Gurlan we gurulýan häzirki zaman, awtoulag toplumlary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňden görüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda önümçilik birleşiginiň ulaglar parkynyň düzümini «Iran Khodro», «Hyundai», «Toyota», «PAZ», «Kamaz», «Yutong» kompaniýalarynyň kämil awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň abadan durmuşda ýaşamagymyz, döredijilikli zähmet çekmegimiz üçin edýän ýadawsyz aladalaryndan, döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, geljekde has yhlasly we maksada okgunly zähmet çekeris.Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.