BERKARAR DÖWLETIŇ BILIM ÖZGERTMELERI
26-12-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda yglan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Bu talaplar bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir.
Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejelerine laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugardaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi.
Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir.
Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bu ulgamy kämilleşdirmek hakynda Permanlarydyr Kararlarynyň, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän, ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge, olary halka, Watana, hormatly Prezidentimize söýgi hem wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary hil netijelerini gazanmaklaryna giň ýol açdy. Netijede, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwürde alyp barýan işleriniň çäginde:
- orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw möhleti, mugallymlaryň iş ýükleri, çagalar baglarynda toparlaryň, orta mekdeplerde synplaryň dolulygy kadalaşdyryldy;
- okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy;
- welaýat, etrap merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan çagalaryň kadaly bilim almaklaryny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep-internatlary döredildi;
- ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň gerimi giňeldildi;
- orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna täze okuw dersleri girizildi.
Täze taryhy eýýamda mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde, başlangyç we orta hünär bilimi edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini barha ýokarlandyrmak, bilim ulgamyny mundan buýana-da kämilleşdirmek işi resmi kanunçylyk esaslary we döwrebap bilim-terbiýäni jemgyýetçilik aňyna ornaşdyrmak bilen utgaşyklykda ösdürilýär. Bilim ulgamynyň kanunçylyk esasy ulgamda täzeçil özgertmeleri amala aşyrmaga, bilim edaralarynyň degişli hünärmenleriniň netijeli işlemeklerini gazanmaga, ýaş nesle dünýäniň ösen tejribesine esaslanyp bilim we terbiýe bermäge gönükdirilendir.
Ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, döwrebap şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän we bu ugurda beýik maksatly işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulkeýik ANNAMUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň müdiri.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.