BAGTA UZAÝAN AK ÝOLLARDA TÜRKMENISTAN

22-10-21

Rowaçlyklara beslenýän bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar, ata Watanymyzdan dünýä uzaýan ýollaryň ýalkymy jahana nur saçýar. Adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän ýollar alyslary ýakynlaşdyrýar, halklary birek-birek bilen dostlaşdyrýar we mähirli gatnaşyklara giň ýol açýar. Alyslara uzaýan ak ýollar hem bizi haýyrly işlere, belent maksatlara, bagtyýar geljege sary alyp barýar. Dünýä halklary bilen dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da berkidýär.

Berkarar dӧwletimiziǹ taẏsyz tagallasy bilen gӧzel ẏurdumuzda awtomobil ẏollaryny toplumlaẏyn ӧsdȕrmek, kӓmilleṣdirmek we dӧwrebaplaṣdyrmak boẏunça uly iṣler alynyp barylẏar. Dȕnẏӓ ẏȕzȕnde tehnikanyǹ, tehnologiẏalaryǹ ӧsẏӓn we innowasiẏalaryǹ ornaṣdyrylẏan dӧwrȕnde awtomobil ẏollaryny ylmy esasda kӓmilleṣdirmek boẏunça alnyp barylẏan iṣler biziǹ ẏurdumyzda hem giǹ girime eẏe boldy. Ata-babalarymyzyǹ ẏol- ẏӧrelgelerine uly sarpa goẏẏan, her bir tutumly iṣde peder paẏhasyna eẏerẏӓn Akadag Prezidentimiz ẏurdumyzyǹ ẏol gurluṣygyna aẏratyn üns berẏӓr.

Amatly geostrategiýa mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistan halkara derejesinde ulag we üstaşyr gatnawlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky işjeň syýasaty Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldip, bütin yklymyň ykdysadyýetiniň galkynmagy babatynda möhüm başlangyçlary özünde jemleýär. Dünýä bazarlaryna çykmak üçin oňaýly üstaşyr geçelgeleri üpjün etmek meselesi diňe bir ýurdumyzyň geljekki ösüşleri üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän ulag we logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky başlangyçlary bütin adamzat üçin derwaýysdyr.

Milli Liderimiziň  ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornuny artdyrmagyň, onuň sebit we halkara multimodal aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmegiň hasabyna Türkmenistanyň geoykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistiki hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilişini ep-esli artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA hem-de bütin dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir. Bularyň ählisi esasan transmilli ulag geçelgesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda aýratyn möhümdir.

Hakykatdan hem ýollar halklary birleşdirýär. Yklymlary ýakynlaşdyrýar. Umuman alanyňda, ýol gatnaşmak isleýän ynsanlaryň gatnaşyk serişdeleriniň biri. Gatnaşyk bolsa jemgyýetçilik gurluşynyň möhüm bölegi. Döwürleriň ösüşlere beslenmegi ynsanyýet durmuşynyň islegleriniň miwesidir. Ösüşleriň badynyň örän çalt depginlerine beslenýän häzirki döwrümizde gatnaşyklar tehniki serişdelere daýanýar. Paýtagtymyzyň we welaýat, şäher merkezleriniň awtoýollaryny döwrebap yşyklandyryjy enjamlar, ýolyşyklar bilen üpjün etmegi tabşyrýar. Pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurmak bilen awtoulaglaryň hereketiniň bökdençsizligini gazanmaga mümkinçilikleri döredýär. Ýerasty awtoulag geçelgeleri, halkalaýyn awtoulag aýlawlary, estakada köprüleri — bularyň hemmesi awtoulag gatnawlaryna ýeňillik döretmek maksadynyň miweleridir.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu ýokary tizlikli, halkara derejeli ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr çemesi bolup, 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ol tehniki taýdan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomagistral derejesindedir. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi 3,75 metr.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmaga girişildi. Bu iri taslamanyň gurluşygy 2023-nji ýyla çenli dowam eder. Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň sebitlerini bir-birine baglaýan we eziz Watanymyzy dünýä ýurtlary bilen birleşdirýän täze awtoulag we demir ýollarynyň gurluşygy giň gerim aldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şeýle hem şol birleşmäniň agzalary bolan «Altyn nesil», «Oguz ýol»,«Hyzmat merkezi» hojalyk jemgyýetleri we «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy esaslandyryjylaryň düzümine girýär. Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak aýlaw görnüşli çatrykdan başlanyp, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýanynda guruljak deň derejeli aýlawly çatrygynda tamamlanjak bu awtomobil ýoly türkmen telekeçilerine bildirilen uly ynamdyr. Şeýle hem awtobanyň ugrunda töleg terminallarynyň binalary, tehniki hyzmat nokatlary, ýangyç guýujy beketler, dynç alyş zolaklary we durmuş maksatly beýleki binalar bilen üpjün edilen ulag serişdelerine hyzmat ediş toplumlary dörediler. Bu bolsa geljekde bu ýoldan gatnajak ýolagçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Elbetde, bu iri göwrümli taslama milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmeginde hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

Bu ýoluň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagyna, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerinede kybap gelýär. Şeýlede, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il ýurt bähbitli işleriň hatarynda ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygynyň depgini hem maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.

Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde garamak, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallalary bilen ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasy gurulýar, olar Watanymyzyň yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara merkezi hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümlerini kemala getirýär.

Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek başlangyjy döwlet Baştutanymyzyň milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hemde şol ýurtlaryň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidir.Munuň özi Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Goý, halklary birleşdirip, yklymlary ýakynlaşdyrjak şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagynyň gözbaşynda duran parasatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

16744089c5ea3c.png
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


16745546428614.jpeg
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.


16745529d394f4.jpeg
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.


16745689131a82.jpeg
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi

Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:


1674556081043f.jpeg
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.