SANLY BILIM ULGAMY GIŇ MÜMKINÇILIKLERI AÇÝAR
26-12-25
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe hem-de sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçingiň mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly.
Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi,ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän meýiller ylmy esasda alnyp barylýar. Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar döredilýär. Çünki elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we ösüşleri amala aşyrmagy üpjün edýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak bilim syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda ylmyň hil taýdan täze sepgitlere ýetmegine badalga berdi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Elektron resminama hakyndaky», «Aragatnaşyk hakyndaky», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky», «Maglumat we ony goramak hakyndaky» Kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar ähli ulgamlary,pudaklary sanly ulgama birleşdirmek işlerine itergi berýär.
Ýurdumyzyň her bir raýatynyň, hususanda, ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin milli bilim ulgamynyň öňünde duran giň möçberli, halk ähmiýetli wezipeler häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.Sanly ykdysadyýeti giňişleýin ulanýan ýurtlaryň tejribelerinden görnüşi ýaly, ol ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna hemde sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, bilim bermegiň täze sepgitlerine ýetirilmegine ýardam berýär. Ýaşlarymyzyň okamak— bilim almak, hünär öwrenmek mümkinçiligi ýeňilleşýär we giňelýär.
Maglumat çeşmeleriniň goşulmagy, sanly bilim ulgamynyň esasy hasaplanýar. Onda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hemde onuň garamagyndaky ýokary, ýörite orta we orta mekdepleriň arasynda maglumatlary, resminamalary alyşmagyň ygtybarly toruny emele getirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ähli pudaklarda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanly ykdysadyýete goşulmagynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem ýurdumyzdaky kitaphanalaryň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň, ylmy edaralaryň, ýokary, ýörite orta we orta mekdepleriň kitaphanalarynyň Internet ulgamy arkaly birikdirilmegi Diýarymyzda güngünden baýlaşýan kitaphana gorunyň okyjylara elýeterli bolmagyna getirer.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin ýurdumyzda innowasiýa işiniň ýerlikli, döwrebap guralmagy, ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň bilimi, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ählumumy ykrarnama eýe bolýan bilim syýasaty mundan beýläkde dabaralansyn! Parahatçylygyň, dostlugyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaç bolsun!
Aýnur BAÝRAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.