SANLY ULAG ULGAMY ROWAÇLY ÝOLLARDA
23-10-21
Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köpşahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hemde demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu ulgamda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň esasy maksady, müşderilere hyzmatlaryň hilini we üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak bilen, ulgamy sanlaşdyrmakda alnyp barylýan işleri çaltlaşdyrmakdyr.
Şeýle-de Türkmenistanda sanly ulag ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipesi ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ulag edaralarynda edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan we usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Sanly ulag ulgamyny ösdürmek we bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegiň we ýaýratmagyň, ýurdumyzyň ulag edaralarynyň tehnologiýa taýdan has-da ösdürmegiň çaltlaşdyrylmagyny, şeýle hem ulag hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän raýatlar üçin elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we şol maglumatlaryň tor arkaly elýeterliligini üpjün etmegi göz öňüne tutýar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, islendik öndürilen önüm ony sarp edijä ýetirmek zerurlygyny döredýär. Bu ugurda diňe bir ulag däl, eýsem, haýsydyr bir serişdeleri, harytlary we önümleri bir nokatdan beýleki bir nokada gysga ugurlar bilen daşamagy üpjün ediji guramalaryň oýlanyşykly logistik ulgamy möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan demir we awtoulag ýollarynyň ösen ulgamyny we multimodal transkontinental ýollary gurmagyň hasabyna ýükleri daşamak üçin, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugry boýunça logistik düzümiň köpşahaly ulgamyny döredýär. Ol özüne Hazar we Gara deňizlerine, Baltika sebitlerine üstaşyr yklymlaýyn geçelgeleri birleşdirýär. Şonuň ýaly-da Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty ýaly ägirt uly taslamalar bu ugurda geçirilýän işleri has-da kämilleşdirmäge şert döredýär.
Daşary ýurt tejribeleri howa arkaly ýük daşamak işlerinde halkara ülňülerini ulanmak, şeýle-de multimodal geçelgeleri ösdürmek arkaly ýük geçirijiligini ýokarlandyrmagy kagyz resminama dolanyşygyny azaltmagyň hasabyna gazanyp bolýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň sanly ulag ulgamyna geçmeginde, wideogözegçilik wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginde, ýol hereketini dolandyrýan sürüjileri howa şertleri bilen tanyşdyrýan we ulag hyzmatlarynyň elektron tölegini birleşdirýän maglumat binýadynyň döredilmegi zerur bolup durýar. Öňki bar bolanlardan has kämil programma üpjünçilikleriniň ornaşdyrylmagy howa we demir ýol peteklerini satyn almak işini ep-esli ýeňilleşdirer. Şeýlelikde, sanly intellektual ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge uly şertleri döreder. Munuň özi müşderileriň işewürlik mümkinçiligini artdyrmaga, öndüriji bilen sarp edijini birleşdirmäge, olary çig mal bilen üpjün etmäge, ammar gorlaryny dolandyrmaga, ulag şahalarynyň binýadynda dürli görnüşli ulaglaryň arabaglanyşygyny guramaga mümkinçilik berer. Bularyň ählisi wagty we maliýe çykdajylaryny ep-esli azaldar.
Ýurdumyzyň ulag ulgamynda öňe sürülýän wezipelere üstünlikli ýetmek üçin, sanly ulag ulgamyny kemala getirmegi maksadalaýyk iş hasaplamak bolar. Sanly ulag ulgamy ulaglaryň ähli görnüşleriniň we maglumat tehnologiýasynyň utgaşykly işleýän ýeri bolup, özünde ulag ulgamyny modelirlemegi we ulag hereketini howpsuz dolandyrmagy bir ýere jemleýär.
Ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we röwşen geljegi barada irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.