MILLI LIDERIMIZIŇ DÖREDIJILIKLI SYÝASATY – ULAG ULGAMYNYŇ ÖSÜŞINIŇ BINÝADY
23-10-21
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Häzirki wagtda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmagynda galýar hem-de häzirki döwürde onuň innowasion taýdan ösdürilmeginde esasy orun tutýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz,Baky Bitarap Türkmenistan ynamly ädimler bilen öňe barýar we dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz eýeleýän ornuny berkitýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli syýasatynyň saýasynda ähli ugurlarda üstünlik gazanylýar. Çalt depginler bilen ösýän wajyp pudaklaryň biri hem,ýol ulag aragatnaşygydyr. Ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek raýatlaryň abadan durmuşyny kepillendirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň tagalallary bilen Türkmenistanyň ähli ugurlarynda awtomobil ýollary gurulýar. Täze gurulýan awtomobil ýoly adam we halk baradaky aladanyň aýdyň nyşanydyr.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda Türkmenistan döwletimizde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ulag infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmegi we Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň geriminiň hasda giňeldilmegi kuwwatly senagat döwletimiziň halkara ulag düzümlerine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde ýerleşýän ýurdumyzyň ulagüstaşyr geçirijiligini ýokarlandyryp, iri ulag merkezine öwrülmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly,biziň maksadymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir,netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenilendir. Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri özüniň mynasyp miwesini berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler Bitaraplygyň umumy kabul edilen ýörelgelerine gabat gelýär. Munuň hem düýp sebäbi Bitarap ýurdumyzda gurulýan ähli desgalaryň, şonuň bilen birlikde-de döwrebap ýol gurluşygynyň hünärmenlerine bildirilýän esasy talap işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki durnukly ösüşe we parahatçylyga alyp barýan berk binýatly täze ýollar, köprüler, geçelgeler, nesip bolsa, uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat eder. 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany » diýlip at berilmegi hem munuň bilen gönüden göni baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiziň adyl başlangyçlary esasynda döwrebap, dünýä hil ülňülerine kybap guruljak awtomobil ýolunyň gurluşygyny 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Taslamany birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegininiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak boýunça degişli pudagyň ýolbaşçylary tarapyndan teklip edilýär. Bu gurluşyk dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ähmiýet berýän, ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň kepilnamasydyr. Diýarymyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, Lebap welaýaty bilen baglanyşdyrjak bu ýol uzak aralygy islendik awtoulagda ýokary tizlikde geçmäge mümkinçilik döreder. Netijede, ýolagçylaryň we
ýükleriň öz wagtynda barmagyny üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu taslama türkmen ykdysadyýeti hem-de halkara gatnaşyklar üçin örän ähmiýetlidir we onuň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr. Hut şunuň üçin hem durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümlerini kemala getirmäge türkmen telekeçileri işjeň gatnaşdyrylýar. Bitarap ýurdumyzyň çäginde gurulýan halkara awtoulag ýollary Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny we sebitlerini birleşdirýän üstaşyr ýollary ösdürmek üçin oňaýly we ykdysady taýdan bähbitli çözgütleriň biri bolup çykyş edýär. Ýollaryň giň möçberli gurluşygy welaýatlarymyzyň ählisinde täze iş orunlaryny döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrmaga, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr daşary ýurt awtoulag gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga, hereket howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýoluň ugrunda ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda wideogözegçilik ulgamlary we beýleki ýörüte enjamlar bilen üpjün edilen tehniki merkezleriniň birnäçesi, ýol gözegçilik gullugynyň nokatlary, awtoulaglara tehniki hyzmat nokatlary,hyzmatlar gulluklary bolar. Ýoluň iki tarapynda bellenilen ýerlerde dükanlar, myhmanhanalar we kafeler, ýapyk we açyk awtoduralgalar, ýangyç guýýan beketler, beýleki degişli binalar ýerleşer. Ýoluň ugrunda heläkçilikli ýasgdaýlar üçin aragatnaşyk nokatlary oturdylar, şeýle hem sürüjiler şol wagtyň özünde howanyň ýagdaýy barada maglumat alyp bilerler.
Telekeçilik ýüklerini daşaýan ulaglara gözegçilik gözegçilik ulgamlary belenltigi ölçeýän ýörüte enjamlar, ulaglaryň okuna düşýän agramy awtomatik usulda ölçeýän enjamlar işlediler.Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen türkmen hünärmenleri bu ulgamdaky öňdebaryjy dünýä usullaryny öwrenýarlar. Ýol-ulag hadysalaryny we olaryň agyr netijelerini azaltmaga niýetlenen Vision Zero programmasy şolaryň biridir. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümlerini giňeltmäge we daşary söwda dolanşygyny artdyrmaga ýardam eder .
Multimodal ulag geçelgeleri Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz ýakalaryny, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady çäklerde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan hem giňden ulanylmaga berilýän täsin ýol gurluşlary - demir ýol we awtoulag halkara toruň "altyn baglanyşygy" bolmak üçin döredilen köprüler ulag ulgamlary arkaly, täze infrastruktura desgalary gurulýar. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 18 döwlete, ýagny Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Päkistan, Belarus, Russiýa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Ukraina, Latwiýa, Ruminiýa, Sloweniýa we Bahreýn ýaly ýurtlaryň Awtomobil ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hakynda hem ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem awtoulag boýunça ýurdumyz ýedi sany halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň agzalyklaryna saýlanandygyny belläp bileris. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryny hem-de döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy guraly hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmeklige has uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşendigi nazara alnyp, multimodal gatnawlaryň netijeliligini üpjün edýän iri ulag-logistiki merkezleri döredilip, ýurdumyz halkara ulag kommunikasiýasyna işjeň goşulýar.
Ýol-ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylyp, ulag görnüşleriniň her biriniň artykmaçlyklaryndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän sazlaşykly ulgam kemala gelýär. Halkara ulag geçelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň daşary hem-de içeri syýasatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we ykdysady taýdan durnukly ösüş tejribesine daýanyp, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, deňhukukly we hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň işjeň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary esasynda, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli strategik gatnaşyklar barha ilerleýär. Mundan başga-da, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň söwda-ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ynamly ýerine ýetirýär. Şeýle gatnaşyklar ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşýar.
Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde tanalýan biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär. Türkmenistanda dünýä ykdysadyýetine çuňňur aralaşmak üçin ähli oňaýly şertler bar. Bu bolsa “Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmat daşlygyň gerimini giňeldip,ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýar. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklarynda ulag boýunça hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga ýardam edýär.
Ulag ulgamynda halkymyza hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalara wajyp orun degişlidir. Şonuň netijesinde ulaglaryň ähli görnüşlerinde petekleri almaga, Internet saýtlarynyň kömegi bilen otlularyň, uçarlaryň we awtobuslaryň gatnaw ugurlaryny, wagtlaryny anyklamaga, hyzmatlaryň sanawyny görmäge mümkinçilik döredildi. Gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobany möhüm ähmiýete eýe bolar.
Ulaglarda ýükleri daşamak, ýolagçylary gatnatmak we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işlere hem uly ähmiýet berilýär. Harytlary öndürijilerden sarp edijilere ýetirmekde ulaglaryň ähmiýeti uludyr. Olardan demir ýol ulaglary ýükleri daşamakda ulaglaryň amatly görnüşidir. Awtoulaglaryň hem ýük daşamakda paýy uludyr. Ýakyn aralyklara ýükleri daşamak üçin awtoulaglaryň ulanylmagy netijelidir. Ýurdumyzyň awtoulag ýollary halkara ülňülerine laýyk getirilýär we olaryň uzynlygy yzygiderli artdyrylýar. Ulaglaryň görnüşleri boýunça edilýän hyzmatlaryň möçberiniň yzygiderli artmagy ulag ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Ulag ulgamynyň hyzmatlarynyň görnüşlerini köpeltmek, hilini ýokarlandyrmak wajyp wezipedir.
Ulag ulgamynda işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hemde Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Belarus Türkmenistany eksport üçin möhüm üstaşyr ugur hökmünde görýär
Türkmenistan Eýranyň we Hindistanyň bazarlaryna çykalgasy bolan belarus harytlarynyň eksporty üçin üstaşyr ugurlary giňeltmekde möhüm orun eýeläp gelýär. Bu barada Belarus demir ýol edarasynyň ýük we daşary ykdysady gatnaşyklar gullugynyň başlygy Sergeý Pristawka “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistan, Eýran we IRU üstaşyr howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Ähtnama baglaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Eýranyň Gümrük dolandyryş edarasy we Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) sişenbe güni “ITTC 2024” halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.