Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy

03-11-24

Pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny, asylly däp dessurlaryny ýaş nesle öwretmek we dowam etdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň işgärleriniň öňe sürýän baş maksatlarynyň biridir. Ruhy ösüşimizde halkymyzyň meşhur şahsyýetleriniň edebi hem ruhy mirasyny öz halypaçylyk sapaklarymyzda talyplara öwretmegimiz ýokary görkezijileriň biri bolup durýar. Esasan-da şöhratly meşhurlarymyzyň biri, külli türkmeniň söz sungatynyň elýetmez ussady,dünýäniň öňüni we soňuny beýan eden, bitewi döwlet gurmak baradaky parasatly pikirleri şygyr setirlerine geçiren Magtymguly Pyragydyr.

Magtymguly diňe beýik şahyr bolman, eýsem, ol beýik türkmen pedagoglaryň, halypalaryň biri bolup, onuň galdyran edebi mirasy häzirki döwürde terbiýe mekdebi bolup durýar. Onuň her bir sözi gaýtalanmajak durmuş wakasyny beýan edýär. Şahyryň döredijiliginiň özeni bolup durýan meseleleriň biri-de, ösüp gelýän ýaş nesli söz edebi bilen terbiýelemek meselesidir.

Beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiliginde adamlarda ýüze çykýan ýaman gylyk-häsiýetleri tankyt edilýän goşgular köp. Şolardan “Mal ýagşy”, “Nas atan”, “Çilimkeş”, “Naskeş”, “Çilim”, “Çilim çekmegil”, “Munda”, “Gybatkeş” – diýen goşgularynda gowy gylyk häsiýetleri terbiýelemek, ýaman gylyk häsiýetlerden çetleşmek barada gürrüň berilýär.

Beýik şahyryň terbiýe beriji goşgularynda ýaman adamy dogry ýola gönükdirmeklige köp üns berilýär. Ýaman gylyk – häsiýetleri berk tankytlamak bilen, Magtymguly şeýle adamlary dogry ýola çagyrýar: Mysal üçin ol, “Gybatkeş” – diýen goşgusynda

Ruzy – magşar şikaýat eder tilinden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş!
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günuň, gybatkeş! –

diýmek bilen, gybatkeşi ýaňadandan terbiýelemek isleýär. Çünki, gybatkeşlik iň bir ýaramaz häsiýetleriň biridir, ol ýary – ýardan, dosty – dostdan aýyrýar.

Magtymguly özüniň “Mal ýagşy” diýen goşgusynda şeýle diýýär:

Adam bolup, adam gadryn bilmeen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeen,
Ondan ýene sözlemeen
lal ýagşy.

Bu sözler adamlaryň gep geplän wagty pikirlenip dogry geplemelidigini düşündirýär.

Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşyň ähli taraplary suratlandyrylýar. Haýran galdyrýan zat hem ýaman, gylyk häsiýetleri paş edýän goşgularyň biziň şu günümizde uly orun tutýar. Ýaş nesli durmuşyň talabyna görä terbiýelemekde ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir çykyşynda pähim-paýhaslarynda Watana wepaly, Watany söýýän ýaşlary terbiýelemeklige, milli däp-dessurlary, halk döredijiligini ulanmagy görkezýän ündewlerinden ugur alyp, gündelik geçýän nyzamlarymyzda hem-de her hepdäniň çarşenbe günleri geçirilýän halypaçylyk sapaklarymyzda bilim alýan talyplaryň ýokary bilimli, öz işine ökde, Watana wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin wagyz-nesihat işleri yzygiderlikde alnyp barylýar.

Döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän aladalary bimöçber. Okamagymyz, işlemegimiz üçin üçin ähli amatlyklary bolan ýokary okuw jaýymyzda ähli mümkinçilikleriň bolmagy bizi Watanymyzy ýürekden söýüp, oňa hyzmat etmäge borçly edýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Wepamuhammet REJEPOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.