BITARAPLYK ŞUGLASY

09-12-24

Bitaraplyk syýasaty Berkarar döwletimiziň üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga, durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýörelgesidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolup, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dabaralanmagydyr.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, mähriban ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine itergi berýär. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň düzüminiň ştab-kwartirasy üçin saýlanyp alynmagy hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimize bildirilýän halkara derejesindäki uly ynamydyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýäniň birnäçe abraýly guramalary bilen ählumumy parahatçylykly ösüşiň ygtybarlygyny ýokarlandyrýan birnäçe maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýän ülkesine öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri, energetika hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag-logistika merkeziniň döredilmegi ýaly ählumumy meseleler babatyndaky halkara başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi bolsa, ählumumy durnukly ösüşiň hoşniýetli ýörelgeleriniň baş şerti bolup durýar. Gahryman Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde dünýäde möhüm orny eýeleýändigini ýene bir ýola ykrar edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hyzmat edýär. Munuň özi bolsa hemmetaraplaýyn durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýetli gatnaşyklaryň ýörelgesidir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarly başlangyçlary we durmuşa geçirýän halkara derejeli taslamalary öz beýanyny tapýar. Şeýle hem döwletimiziň daşary syýasatynyň wajyp ugry hökmünde Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň deňhukuklylygy, köptaraplaýyn we howpsuzlygy üpjün etmekdäki wezipelerini üstünlikli amala aşyrýar.

Häzir Türkmenistan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, öz milli ykdysadyýeti, medeniýeti, özbaşdak içeri we daşary syýasaty bolan, dünýäde giňden ykrar edilen, bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanalýar. Hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, dünýäde döreýän kynçylykly meseleleri syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde aýratyn ähmiýetli bolup öňe çykýar. Abraýly halkara guramalary tarapyndan berlen bu belent dereje beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga niýetlenen berk syýasy we hukuk guralydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap parahatsöýüjilikli döwletde ýaşamagymyz, döwrüň bagtyýarlygyna ses goşmagymyz bolsa agzybirligiň, asudalygyň bize berýän joşgunydyr. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Humaý TAÝLYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.