KERWENSARAÝLY ÝOLLAR
25-10-21
Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine
Uç-gyraksyz sähra ýollary... Goja zeminiň damary deýin ol ýollarda gör näçe geň-enaýy wakalar bar. Ynsan ol ýollara rowana bolup, tapanyny berýär, gazananyny äkelýär. Heňňamlarydyr gerdişler dönse-de, uzak-uzak ýollarda ynsan hereketi togtamaýar. Şonuň üçin-de “Ýol – herekete dahyl” diýilýär. Biziň kyssamyz şol uç-gyraksyz ýollardaky kerwensaraýlar, söwda, dost-doganlyk gatnaşyklary hakynda.
Taryhy we ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä Türkmenistanda kerwensaraýlar yslam dini ýaýramazyndan has öň peýda bolupdyr. Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda kerwenleriniň dem-dynç almagy üçin her 3-4 kilometrden daş görnüşi tutuşlygyna ýapyk diwarly jaýlar gurlupdyr. Bezirgenleriň uzak ilden hatar gurap kerwen bilen gelmegi netijesinde, şeýle binalara soňy bilen kerwensaraý ady galypdyr.
Kerwen ýolary, kerwensaraýlar hakdaky maglumatlar we olar bilen baglanyşykly dürli wakalar gadymy edebiýatyň sahypalaryny bezäp gelipdir. Şeýle eserleriň hataryndan ХIII-ХIV asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy», XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň «Baharystan», Orta asyrlara degişli «Ajaýyplyklaryň düri», türkmen halkynyň taryhynda görnükli döwlet işgäri, serkerdesi we meşhur söz ussady hökmünde öçmejek yz galdyran Babyryň «Diwan» eserini mysal görkezmek boar.
Kerwen ýollary hakyndaky iň gymmatly maglumatlara hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň sahypalarynda hem giň orun berilýär. Şeýle maglumatlar ata-babalarymyzyň dünýä ýollarynda bitiren işlerine nazar salmaga ýardam edýär.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, gadymy döwürde uç-gyraksyz sähralyklary, çägeli çölleri, gözýetmez giňişlikleri sökýän kerwen hatarlarynyň esasy ýoly güneşli Türkmenistanyň çäginden geçipdir. Hormatly Prezidentimiz ady agzalan eseriniň birinji kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz kerwençileriň oňaýly dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen dürli kerwensaraýlary bina edip, ol ýerde agryşçylaryň oňaýly dynç almagyna ýardam edipdirler. (sah-54). Şeýle kerwensaraýlar Amul, Merw, Sarahs, Abiwerd, Bagabat, Nusaý, Dehistan ýaly şäherlerde bolupdyr. Gadymy Merwdäki Gurtlydepede, Köneürgençdäki Daşgalada gurlan kerwensaraýlaryň bolsa, dürli galyndylary şu günkü günlere çenli saklanyp galypdyr.
“Ynsanyň tagtam, bagtam ojakda” diýlişi ýaly, ojak türkmen durmuşynda möhüm ähmiýete eýe. Ol dogduk depe, öý-öwzar, maşgala agzybirligi, ýurt abadançylygy ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Ata-babalarymyz ak öýlerinde bolşy ýaly, kerwensaraýlarda hem ojak gurupdyrlar.
Kerwensaraýlaryň aýratynlygy olaryň gapylarynda, äpişgelerinde hem aýdyň ýüze çykypdyr. Olar çeperçilik tejribesi bolan nakgaşlaryň hem-de neçjarlaryň yhlasly zähmeti netijesinde dürli nagyşlar bilen haşamlanypdyr. Nagyşlarda daş-töweregi gurşap alan tebigat gözellikleri, daragtlar, dag görnüşleri hem-de ynam-ygtykat bilen baglanyşykly tumarlar suratlandyrylypdyr. Bu çeperçilik aýratynlyklary eziz Arkadagymyz kitabynda şeýle diýilýär: “Kerwensaraýlaryň çeper-bezeg işlerinde haşamly örümler we dürli görnüşdäki owadan ýonulan kerpiçler ulanylypdyr. Esasan hem, girelge tarap diwary aýratyn gözel bezelipdir. Baş girelgäniň töweregine kerpiç önümleri arkaly ösümlik nagyşlary haşamlanypdyr ýa-da dini ulamalaryň, dört çaryýarlaryň ady ýazylypdyr. Toplumyň umumy binagärligi, gezekli-gezegine utgaşyp gidýän arkalar, gümmezler, egmekler, minaralar, diňler bilen owadanlanypdyr”.
Türkmen topragyna Günüň bolluk bilen söhle saçmagy, topragyň bütin ýylyň dowamynda ýagyş-ýagmyr bilen ýeterlik mukdarda yzgarlanyp durmagy gurluşyk materiallarynyň üpjünçiligini gowulandyrypdyr. Bu ýagdaýda boz toprakdan öndürilen gaýymdan berk kerpiçler, daragtlaryň berkden-berk agaçlary binalaryň asyrlardan-asyrlara öz asylky durkuny ýitirmän saklanyp galmagyna ýardam edipdir.
Kerwensaraýlaryň ýene bir ähmiýeti – medeni hyzmatlarda aýdyň ýüze çykypdyr. Uzak ýolary külterläp gelýän argyşçylar oňaýly kerwensaraýlarda ýerleşensoň, gyzgalaňly söwda gatnaşyklary başlanypdyr. Kitapda bu pursatlar şeýle beýan edilýär: “Kerwensaraýlarda adaty durmuş gaýnap joşupdyr, bu ýerde söwda şertnamasy baglaşylypdyr, ýük mallarynyň eýeleri kerwenbaşa işlemek hakyndaky teklip bilen hem gelipdirler. Gepleşiklerini hem-de özara jedellerini birýüzli edip, adamlar dynç alypdyrlar”. (sah-59).
Görnüşi ýaly, kerwen-söwda gatnaşyklary halklaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu meseldede dünýä ylmyndan söhbet açýan kitaplarynyň ähmiýetini hem belläp geçmek möhümdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dürli ugrlara degişli sandyk-sandyk kitaplaryň gelmegi adamlaryň ruhy dünýäsiniň özgermegine täsir edipdir. Geliň bu mesele bilen baglanyşygy bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan söhbet açýan bir rowaýata dykgat bereliň.
“Magtymguly dünýä ylmyna göz ýetirmek üçin küt-küt kitaplary özüne ýaran edinipdi. Kitaplar ak öýde münder-münder bolup barýardy. Onsoň bu ýagdaýy düzgüne salmak üçin Döwletmämmet mola hatar gurap gelýän bezirgenlerden sargyt edip sary sandyk getirtdi. Magtymguly kitaplary içi zarňyldyly sary sandyga ýerleşdirdi. Indi her ýerden kitap gelse-de, saklamagyň müşgüli ýokdy. Garry molla öz ýanyndan: “Kitaplar sygmasa, kerwençilerden ýene sargyt ederis diýip, perzendiniň göwün guşuny ganatlandyrdy”.
Çeper söze, ylma, bilime, ruhy iýmiýete çuňňur gadyr goýýan halkymyz hemişe Beýik Ýüpek ýoly bilen gelýän bezirgenler bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklap gelipdirler. Şeýdip ak ýollarda döreýän tanyşlyklar dostluga we doganlyga öwrülipdir.
Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.