Her gün banan iýmegiň ylmy esasly saglyga peýdasy
12-04-23
Banan iýmek bedeniň ýaşamagyna we sagdyn bolmagyna kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, bananyň ýürek saglygy üçin uly peýdalary bar.
Bir uly bananda (200g töweregi) ýokumly maddalar nämelerden ybaratka?
- witamin B6 - gündelik mukdaryň 41%;
- C witamini - 33%;
- marganes - 30%;
- kaliý - 23%;
- magniý - 15%;
- folat (B9 witamini, sintetik görnüşi fol turşusy) -11%;
- riboflawin (B2 witamini) - 10 %.
Mundan başga-da, bananlarda beýleki B witaminleri, A, E we K witaminleri, şeýle hem mis, fosfor, sink we demir bar.
Bananyň saglyga nähili peýdalary bar?
Pektin we krahmal (esasanam bişmedik bananlarda köp) nahardan soň ganyň şeker derejesini peseldýär we gan şekeriniň köpelmeginiň öňüni alýar. Şeýle bejergi giperglikemiýanyň bir görnüşi bolup hyzmat edýär.Şeýle-de pektin we krahmal aşgazanyň boşalmagyny haýalladýar. Iýmit önümleri has netijeli we ortaça siňdirilýär we adam uzak wagtlap özüni dok duýýar.
Iýmit siňdiriş ulgamynyň saglygyny gowulandyrýar.
Şu güne çenli muny anyk habar berýän hiç hili barlag ýok: her gün banan iýseňiz, horlanyp bilersiňiz. Orta ölçegli bananda takmynan 105 kkal bar. Bir käse 2,5 göterim gatyk bilen deň peýdany üpjün edýär. Banan iýeniňizden soň, zyýanly we ýokary kalorili iýmitleri iýmän uzak wagtlap gezip bilersiňiz.
Taýýarlan Hursand MATKURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.