TÜRKMENISTAN DÜNÝÄNIŇ LOGISTIKA ULGAMYNA SAZLAŞYKLY GOŞULÝAR

28-10-21

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek hem-de olary ösdürmek babatdaky başlangyçlary bilen döredilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara söwdanyň logistikasyndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi Ýewraziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny örän netijeli hem-de amatly peýdalanmakda döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ulag-logistika ulgamy yzygiderli ösdürilýär, sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşözgerişlere nazar aýlasaň, Watanymyzyň atabraýynyň älem içre ýaýraýandygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň.

Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri milli ulag strategiýanyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ornunyň dikeldilmeginiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtaýar.

Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hemde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmekbilen, Demirgazyk - Günorta, Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilmegi ulagyň ähmiýetini has güýçlendirdi. Ýurtlaryň, sebitleriň, welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnaşyklar bazar ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Şol sebäpli ýurtlaryň arasynda ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we şu esasda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar amala aşyrylýar. Bu gatnaşyklary we döwletimiziň öz içindäki dolanyşygy alyp barmakda, önümçiligi rejeli ýerleşdirmek üçin ulag serişdeleriniň ähmiýeti uludyr.

Ulag — bu ykdysady sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmeginde, öndüriji güýçleri çäk boýunça mümkingadar endigan ýerleşdirmekde, önümçilik pudaklarynyň, kärhanalaryň arasynda ykdysady tehnologik aragatnaşygy amala aşyrmakda taýsyz serişdedir. Dünýä ýüzünde häzirki döwürde ulag ýollarynyň köpugurlylygy, hili we tizligi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, halkara ykdysady gatnaşyklarda aýgytly orun eýeleýär. Dünýä tejribesine syn salsak, geografik taýdan amatly ýerleşen ýurtlarda we sebitlerde ösen ulag toplumynyň döredilmegi üstaşyr ýüklerden hem goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýükleri üstaşyr daşamagyň özüneçekijiligini, bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän, bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşan ulag giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň şu geografik ýagdaýy nazara alnyp, ýurduň geoykdysady ýagdaýyny düýpli berkitmek maksady bilen uly möçberli, halkara ähmiýetli demirýol we awtomobil ýollary, gaz geçirijiler gurulýar. Aziýa yklymynda ýerleşýän döwletleriň Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagyna, Türkiýä, Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligi bar. Soňky ýyllarda gurlan we gurulýan demirýol, awtomobil we howa ýollary ýurdumyzyň üstaşyr geçelge hökmündäki ähmiýetiniň artýandygyny we ykdysady görkezijileriň ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň geosyýasy ugry hyzmatdaşlygyň durmuşyna oňyn täsir edýär. Milli ykdysadyýetimiz dünýä ykdysady giňişliginiň iň bir ygtybarly, berk binýatly düzüm bölegine öwrülýär. Ýakyn goňşularymyz bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň sebitleýin strategi ýasynyň maksady Merkezi Aziýada giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hemde ösüşiň derwaýys meselelerini çözmek üçin sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr.

Türkmenistan Watanymyz ygtybarly üstaşyr-ulag gatnawlaryny üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň çäklerini giňeltmek hem-de olaryň möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021—2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasyny» amala aşyrmaga BMG-niň köp sanly agentlikleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmeginiň hem-de öňdebaryjy tejribäni we halkara hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny pugtalandyrmak arkaly umumy wezipeleri çözmäge köptaraplaýyn çemeleşmesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Çarçuwaly Maksatnama ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmäge-de oňyn täsir eder.

Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we aragatnaşyk düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

16853b57d56bc5.jpeg
Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäginde Baku, Alýat we Türkmenbaşy portlarynyň has giňden ulanylmagyny işjeň öňe sürýärler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Bakuda geçirilen “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazananlar we geljekki mümkinçilikler” atly simpoziumda eden çykyşynda belledi.


16853b6358ab23.jpeg
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.


16853b32ded207.jpeg
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi

2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ bäş ýurdunyñ (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky söwdanyñ möçberi geçen ýylyñ şol bir döwri bilen deñeşdirilende, 10,4 % artyp, 286,42 mlrd ýuana (39,91 mlrd $ golaý) ýetdi. Bu barada Hytaýyñ Baş gümrük müdiriýeti habar berýär.


16853b2377f8b1.jpeg
Emeli aň we sanlylaşdyrma boýunça seminar geçirildi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýokary bilim ulgamynda sanlylaşdyrma, IT we emeli aň” atly okuw seminary geçirildi. Ony ABŞ-nyň Fullbright alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni doktor Melda Ýyldyz geçirdi.


16853b46434ca7.png
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Päkistanyň portlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 17-njy iýunynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleriniň arasynda porty dolandyrmak we işletmek boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.