Gözüň saglygyny gowulandyrmak üçin yzygiderli kabul etmeli 3 witamin

11-04-23

Gije-gündiz ulanýan enjamlarymyzdan ýaşyl yşyk, hapalanan howa, temperaturanyň üýtgemegi, sowuk möwsümi - bular göz keselleriniň sebäpleridir. Gözüň ýagdaýy, bedendäki beýleki zatlar ýaly, iýip-içýän zadyňyza, iýmitiň näderejede doly we dürli-dürli bolmagyna baglydyr. Ýöne göz saglygy üçin aýratyn möhüm bolan käbir witaminler bar.

Dogry iýmitlenmek saglygyň kepilligi

Birnäçe gözleg, dürli witaminleriň dürli göz keselleriniň howpuny azaltmakda möhüm rol oýnaýandygyny görkezýär. Bu ýokumly maddalara C witamini, B2, E witamini, A witamini, karotinoidler, sink, mis, selen we omega-3 ýag kislotalary girýär. Şonuň üçin gök önümleri we miweleri, galla, noýba we mekgejöwen, balyk we süýt önümlerini iýmek möhümdir. Bularyň hemmesi gözüňizi negatiw daşarky faktorlardan goramaga kömek edýär.

Göz saglygy üçin peýdaly maddalary nireden tapyp bolar?

E witamini güýçli antioksidantlardan biridir. Şeýle hem zeýtun we mekgejöwen ýagynda bolýar. Mundan başga-da, awokado, hoz, badam, günebakar tohumy we ysmanak hem E witamine baýdyr.

Başga näme ýatda saklamaly?

Şeýle sagdyn iýmitlenmegi üpjün etmek mümkin bolmasa, witamin toplumlaryny kabul etmek maslahat berilýär. Emma lukman, derňew görkezijilerini we şahsy saglygyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup bellemeli.

Dynç almak we gözüňiz üçin maşk etmegi ýatdan çykarmaň, esasanam hemişe kompýuterde işleýän bolsaňyz ýa-da smartfon köp ulanýan bolsaňyz.

Taýýarlan Hojamyrat ATABAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.