PARAHATÇYLYGA ESASLANÝAN HEMIŞELIK BITARAPLYK
03-12-25
Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär. Parahatçylykly, hoşniýetli gatnaşyklar hemişelik Bitaraplygyň esasy özeni bolup durýar. Milli Liderimiziň buýsanç bilen belleýşi ýaly: «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr».
Hemişelik Bitaraplyk döredýän we gurýan halkymyzyň nurana geljegini has-da berkitmäge, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Ýeri gelende, hemişelik Bitaraplyk düşünjesiniň we ýörelgeleriniň türkmen halkymyzda parasatly pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýanlygyny hem belläp geçmek gerek. Çünki halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny dolandyranda hemişe ynsanperwer ýörelgelerden, dostlukly gatnaşyklardan ugur alypdyr. Parahatçylyga, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan Bitaraplyk, Garaşsyzlygymyz bilen birlikde halkara gatnaşyklarynda Türkmenistan döwletimize abraý-mertebe, şöhrat-şan getirdi.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitarap diýlip ykrar edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzy goramaga ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasynyň iki gezek kabul edilmegi halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döretdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ýörelgesine berlen ýokary bahadyr. Arkadag Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde dünýä giňişliginde Türkmenistanyň at-abraýy barha artýar.
Hemişelik Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň 30 ýylyň içinde bitiren hyzmatlary onuň abraýyna abraý goşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» atly Rezolýusiýa hem kabul edildi. Bu resminama halkymyzyň dünýä halklary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda düşünişip, ylalaşyp ýaşamagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek aýan etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz parahatçylygyň adamzadyň iň gymmatly baýlygydygyny elmydama nygtaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatynyň düýp özenini dünýäniň ähli halklaryny asudalykda, abadan durmuşda ýaşatmak ýörelgesi tutýar. Çünki parahatçylyk mydama dostlukdan, bireg-birege sylag-hormatdan, ynamdan başlanýar.
Goý, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň ähli künjeklerinde parahatçylygyň müdimilik berkarar bolmagyna ýardam etsin! Ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryň hemişe höküm sürmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Rejepgül HAÝIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
MUKADDES GYMMATLYK
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ
Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, dünýä dillerini öwrenmeklerine, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işlerini alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär.
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.