GÜNDOGAR SEBITIŇ ÝÜK HOWLULARY HALKYŇ HYZMATYNDA

04-11-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär. Türk­me­nis­tan öz geog­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi bo­ýun­ça Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa yk­lym­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän ulag çatrygy bol­mak bi­len, se­bit­de dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mer­ke­zi­ne öwrülmäge doly mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň binýadynda kuwwatly üstaşyr merkezi döretmek milli Liderimiziň baş aladalarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ulaglar inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň esasy we bar­ha kämil­leş­ýän ulgamlary­nyň bi­ri hem demir ýol ulaglary pudagy mil­li ykdysa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuwwatlanma­gy­na uly ýar­dam edýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi döwletimiziň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasyna degişli bolan Lebap welaýaty boýunça ýükleýiş-düşüriş bölüminde hem bu ugurda gyzgalaňly işler alnyp barylýar.

Bu bölüm öz düzümine Türkmenabat, Zergär, Kerki ýük howlularyny birleşdirip, olar gije-gündiziň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm halkasy hökmünde raýatlarymyza hyzmat edýär. Bu ýük howlularynyň agzybir işgärleri ýurdumyzyň ulaglar ulgamyny, halk hojalygyny, ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda öz goşandyny goşup gelýär. Çünki,  Watanymyzda daşalýan ýükleriň agramly bölegi demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitine dürli ýükleriň gelmegini, kabul edilmegini we ugradylmagyny guramak boýunça boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Ýagny, bu bölümiň ýük howlularynda dürli görnüşli wagonlar – üsti açyk ýa-da üsti ýapyk wagonlar, platformalar, dumkarlar arkaly gelen ýükleri bökdençsiz kabul etmek, düşürmek we ýükläp degişli ugurlara ugratmak hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Ýükleriň getirilmegi, düşürilmegi we ugradylmagy döwlet edaralary, hususy edaralar ýa-da telekeçileriň özi bilen baglaşylan şertnamalar esasynda alnyp barylýar. Olaryň hatarynda welaýatyň demir-beton kärhanasyny, “Mizemez gadam”, “Kiçi gala” hususy kärhanalaryny görkezmek bolar. Gelýän we ugradylýan ýükleriň arasynda şeben, ýuwlan daş, armatura, turbalar, agaç görnüşleri, keramzit, sement ýaly gurluşyk senagatynyň önümleri agdyklyk edýär.

Tejribeli demirýolçy Oraz Çaryýewiň ýolbaşçylyk edýän bölüminde 290-a golaý demirýolçy zähmet çekmek bilen, demir ýolda ýükleri kabul etmegiň, düşürmegiň, ugratmagyň hereketini sazlamak hyzmatlaryny bökdençsiz ýerine ýetirýärler. Bölümiň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirän halypa demirýol işgärleriniň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Myrat Çaryýew, Jumaberdi Rejepow, Mähri Jepbarowa dagylary aýratyn belläp geçmek bolar. Bular bilen bir hatarda Islam Jumabaýew, Umytjan Babanazarow, Bagtyýar Kerimow, Nargiza Rejepbaýewa ýaly öz işine höwesli ýaş hünärmenleriň hem onlarçasy zähmet çekýärler.

Hawa, soňky ýyllarda demir ýol pudagynda önümçilik düzümleri uly ösüşe eýe boldy - täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologiýa ulgamlary satyn alyndy, häzirki hereket edýän düzümler tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy we olaryň kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan polat ýollary arkaly, özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde ýene-de uly abraýa eýe bolýar. Ýurdumyzyň durmuşynyň takyk hereketi polat ýollaryň işiniň ygtybarly we üznüksiz bolmagyna köp babatda bagly bolup durýar. Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan polat ýollary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dünýä ýüzündäki abraýymyzyň has-da ýokary göterilmeginde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy has hem belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.