BAGTYÝAR ZAMANADA YHLASLY ZÄHMET

08-11-21

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
"TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY"
ATLY BÄSLEŞIGINE

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň dürli kesp kärli işgärler ýolagçylara we ýük daşamakda ýokary hilli hyzmat etmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini we ýolagçy gatnawyny ýokary hilli guramakda tutuş toplumyň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär. Awtomobil ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Pudagyň ulag parkyny berkitmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan satyn alynýan döwrebap ýolagçy we ýük ulaglary, awtobuslardyr taksiler raýatlarymyza bökdençsiz hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän aladalaryny goldap, tutanýerli zähmet çekýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri kärhanada bar bolan dürli kysymly tehnikalaryň abat ýagdaýda bolmagyny gazanmak maksady bilen, olara talabalaýyk derejede tehniki taýdan hyzmat edýärler. Ýükleri daşaýan ulaglaryň abatlyk ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Sürüjilerimiz daýhan birleşiklerde pagta hasylyny daşamakda, şeýle-de beýleki zerur ýükleri bellenen möhletinde eltmekde ýadawsyz hyzmat edýärler.

«Türkmenawtoulag» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde hem bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Kärhanada we oňa degişli edaralarda halk hojalygyna awtoulag hyzmatynyň ähli görnüşleri boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmat etmek ugrundaky işleriň ýokary derejede alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň esasy ýük we ýolagçy awtoulaglaryny özünde jemleýän kärhananyň ulag parkynyň giňeldilmegi önümçiligiň netijeliliginiň has-da ýokarlanmagyna itergi berdi.

Bu kärhanada esasy ýerine ýetirilmeli işler dürli görnüşdäki oba hojalyk işleri we önümleri , gurluşyk ähmiýetli ýükleri Lebap welaýatynyň öz içindäki etraplara, we şäherçelere daşamakda şol sanda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň arasynda ýükleri we ýolagçylary , ýokary derejede daşamak bilen gatnatmagyň we ýük daşamagyň howpsuzlygy üpjün edilmelidir.

 “Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi meýilnama boýunça bellenilen gatnawlar ýolagçy gatnatmagy doly wagtynda berjaý edýärler. “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginde awtomobilleriň tehniki-ykdysady görkezijilerini gowulandyrmak, agregatlaryň, uzelleriň abatlanyşyny ýokary hilli ýerine ýetirip gelýär. Ýük daşamaklykdan we ýolgaçy gatnatmaklykdan gelýän girdeýjileri artdyrmak,ýaglaýyş-ýangyç materiallary, ätiýaçlyk şaýlary tygşytlamagy, “Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi her ýyl özbaşdak meýilleşdirmegi amala aşyrýar.

 Ýolgaçy gatnatmagyň we ýük daşamamagyň esasy görkezijisi bolup, ýük dolanşygy, ýük daşamagyň göwrümi, meýilnama boýunça gündelik gatnaw sany, awtomobilleriň işleýän dowamlylygy, petek satmakdan alnan girdeýjileri toplamak esasy edilen işlere sarp edilen çykdaýjylary toplamak degişlidir.

 “Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi edilýän iş prosesinde döwlet tarapyndan bellenen we sazlanylan tarifleriň bahasy boýunça ilata öz hyzmatlaryny edip gelýär. Maliýe resurslaryny döretmegiň esasy çeşmesi bolup, döwlet tarapyndan berilýän, ýolgaçy gatnatmakdan we ýük daşamakdan alnan girdeýjiler we kreditler hem-de beýleki gelýän serişdeler degişlidirler.

 Bu ýerde işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümçilik-hojalyk täzeliklerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Sazlaşykly hereket edýän awtotoplumlarda işleriň göwnejaý guralmagy esasynda birleşik boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalar artygy bilen berjaý edilýär, iň esasy-da, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşi artýar, hili ýokarlanýar. Bagtyýarlyk döwründe her bir adamyň awtoulag hyzmatlaryndan ygtybarly peýdalanmagy üçin netijeli hyzmat etmek birleşigiň ähli işgärleriniň asylly borjudyr. Isle şäherde, isle obada bolsun, nirede ýaşasa-da, raýatlaryň iň köp ýüzlenýän ýeri «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi bolup durýar. Häzirki wagtda ilata göwnejaý hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen awtoulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli pugtalandyrylýar.

 Birleşigiň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilen dispetçer gulluklary döredilip, olarda jogapkär işgärleriň nobatçylygy ýola goýuldy. Şular bilen utgaşyklykda, başga-da gündelik işler alnyp barylýar. Welaýatyň şäherlerinde, oba-şäherçelerinde awtobus hyzmatlary ýokary derejede geçirilýär.

Birleşigiň esasy hyzmatlary:

- Awtoulaglary abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek;

- Ýolagçylary gatnatmak üçin taksi hyzmaty;

- Ýük awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmaty;

- Şäheriň içinde we oňa golaý ýerleşýän etraplara ýerüsti ulaglar arkaly ýolagçylary gatnatmak hyzmaty;

- Ady agzalan toparlara goşulmadyk beýleki ýerüsti ulaglaryň hyzmaty we beýlekiler.

Birleşigiň hasabynda bar bolan «Hyundai Super Aero City», «Iran Khodro», «Yutong», «PAZ» kysymly täze, döwrebap awtobuslar ýolagçylara hyzmat edýär.Bu bolsa hyzmatlaryň möçberini hem hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Welaýatyň ulag ugurlary boýunça birbada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai New Super Aero City” kysymly täze awtobuslarynyň 55-si we “Hyundai Elentra” kysymly taksileriniň 10-sy çykaryldy. Bu ulaglar welaýatymyzyň ulag parkynyň üstüni ýetirip, şäheriçi boýunça ýokary hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň ulaglar parkynyň köp bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar tutýar. Bu ugurda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk oňyn netije berýär. Şunda, taraplaryň ikisi hem gatnaşyklary uzakmöhletleýin esasda dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýan we ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän “Hyundai” korporasiýasy awtoulaglary getirýän resmi düzüm hökmünde seçilip alyndy.

Koreýanyň awtobuslary welaýatymyzyň şäher we şäherara ugurlarynda işjeň hereket edýär. Şeýlelikde, ýolagçy ugurlarynyň sany artdyryldy we awtobuslaryň hereket wagty gysgaldyldy. “Hyundai New Super Aero City” kompaniýasynyň giň we oňaýly awtobuslarynda 27 oturgyç bar. Awtobusda ýolagçylar üçin zerur howany üpjün edýän enjam ýokary derejede işleýär hem-de awtobusyň beýikligi onuň howasyny täzelemäge mümkinçilik berýär, şeýle hem onda yşyklandyryş ulgamy, elektron wagt görkezýän tablo, sesli aragatnaşyk sazlaşykly işleýär. Awtobuslaryň hereketlendirijileri Ýewro 4 ekologiýa standartyna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly serişdeleriň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Taksi çekleri berýän enjamlar, bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde tölegler üçin ykjam töleg terminallary bilen üpjün edilendir.

Şäherýaka ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmalar şäherden ýetmiş kilometriň çäklerinde ýerleşýän ilatly ýere çenli ýerine ýetirilýän gatnaw ugurlary boýunça amala aşyrylýar. Awtobuslarda şäherýaka gatnawlarynda ýolagçylary gatnatmak awtoulagy öndüriji zawod tarapyndan bellenen ýolagçylaryň umumy ýerleşişiniň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Jemgyýetiň ähli awtobuslarynda, şol sanda şäherýaka ugurlarda ulanylýan awtobuslarda ugurlara çykmazdan öň arassaçylyk, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş-zyýansylandyryş işleri geçirilýär. Ýolagçylary hyzmat etmekde “PAZ” 32054 kysymly awtobuslarynyň 96 sanysy şäheriçi, 58 sanysy şäherýaka we 20 sanysy şäherara gatnawlary amala aşyrylýar.Ýolagçylara ähli amatlyklary bolan «Iran Khodro» kysymly awtobus 52 sanysy şäheriçi gatnawlary ýerine ýetirilýär. «Yutong» kysymly awtobusyň 2 sanysy şäherara gatnawy, «Hyundai New Aero City» kysymly awtobus 55 sany şäheriçi gatnawlary ýola goýuldy.

 Ýolagçylary ýeňil takside gatnatmak buýrujy tarapyndan ýeňil taksiniň sürüjisi bilen gönüden-göni dilden baglaşylýan şertnamanyň esasynda ýa-da daşaýjy tarapyndan ýeňil taksini hakyna tutmak baradaky buýurmanyň esasynda amala aşyrylýar. Buýurma islendik aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly, şeýle hem daşaýjynyň ýerleşýän ýerinde kabul edilýär. Ýeňil taksiden peýdalanylandygy üçin töleg şeýle halatda ýeňil takside oturdylýan taksi hasaplaýjysynyň görkezijilerine laýyklykda gatnawyň hakyky aralygyndan ugur alnyp bellenen nyrhlaryň esasynda ýa-da ýeňil taksiniň hakyky geçen ýoluna garamazdan, ýeňil taksiden peýdalanylan hakyky wagt esasynda kesgitlenýär. Taksi hyzmatlary üçin töleg nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrmak mümkinçilikeri döredilen.

Önümçilik birleşigimizde “Kamaz 6520” kysymly ýük daşaýan 152 sany hereket edýär we welaýatymyzda iri gurluşyklarynda hyzmat etmek hem-de ýetişdirilen däne hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini daşamak üçin bökdençsiz ulanylýar.

Ýeri gelenini bellesek, welaýatynyzyň raýatlaryny awtoulag hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün edýän kärhananyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde geçirilýän medeni çärelere işjeň gatnaşmakda, kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijilerini has-da ýokary götermekde hem-de halkymyza edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň ýokary derejelerini görkezmekde guwandyryjy üstünlikleri gazanandygy üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan Hormat haty hem-de ýörite kubok bilen sylaglanyldy.

 Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda geçilen şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Gurlan we gurulýan häzirki zaman, awtoulag toplumlary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňden görüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Biz her ädimde, her bir işde milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalaryny, egsilmez goldaw-hemaýatyny duýup ýaşaýarys. Bagtyýarlyk döwrümizde döredijilikli zähmet çekmäge, bolelin durmuşda ýaşamaga oňaýly şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

16746ae09a2afd.jpeg
Paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.


16746b136ae849.jpeg
Belarus Türkmenistany eksport üçin möhüm üstaşyr ugur hökmünde görýär

Türkmenistan Eýranyň we Hindistanyň bazarlaryna çykalgasy bolan belarus harytlarynyň eksporty üçin üstaşyr ugurlary giňeltmekde möhüm orun eýeläp gelýär. Bu barada Belarus demir ýol edarasynyň ýük we daşary ykdysady gatnaşyklar gullugynyň başlygy Sergeý Pristawka “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


16746b2bdc26c1.jpeg
Türkmenistan, Eýran we IRU üstaşyr howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Ähtnama baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Eýranyň Gümrük dolandyryş edarasy we Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) sişenbe güni “ITTC 2024” halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.


16746afdeda346.jpeg
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.


16744089c5ea3c.png
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.