ARKADAG PREZIDENTIMIZIŇ ALADASY BILEN ÝURDUMYZ AJAÝYP KEŞBE EÝE BOLÝAR

08-11-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, täze gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde bag ekmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek möhüm talaba öwrüldi. Olaryň tebigy gözelligi ynsana oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Milli Liderimiz şäherleriň ilatynyň durmuşynda seýilgähleriň wajyp orny eýeleýändigini hem-de daşky gurşawda gök zolaklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, şolaryň ekologik wezipä — amatly, asuda we owadan dynç alyş ýeri hemde adamlaryň arassa howadan dem almagy üçin niýetlenen ýere öwrülmegi ýaly wezipä aýratyn üns berýär.

Seýilgählerde medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak we wagtyňy peýdaly geçirmek hem-de daşky gurşaw barada alada etmek ýaly wezipeleriň utgaşdyrylmagy möhümdir. Şunda tebigatyň gözelligi ynsanyň ruhuny galkyndyrýar, saglygynyň berkemegine hasda oňaýly täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzyň olary amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek. Suw, ýer we biologik serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, biodürlüligi hemde tebigy ýerleriň gözelligini gorap saklamak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi. Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler döwletimiziň aýratyn üns merkezinde bolup, milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Häzir adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan daşky gurşawy goramak baradaky möhüm ekologik meseleleri çözmekde ýurdumyzyň uly goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegine, ýersuw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga, çölleşmäge garşy göreşmäge, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga hemde birnäçe beýleki ugurlara degişlidir.

Türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr. Adamlar bagbakjaly, miweli baglary synlap, üstünden onlarça ýyllar geçsede, olary kimiň ekendigini ýatlaýarlar. Baglara örän aýawly garaýarlar.Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip,ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde bagy bossanlyklaryň eýeleýän ýerleri barha giňeýär. Diýarymyz bereketli baglyklaryň we meýdanlaryň, täzelenişiň hemde ösüşiň nyşanlary bolan owadan we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.

Omar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumatlary we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň inźeneri.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.