Halkara Bitaraplyk gününe

09-12-24

Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär. Parahatçylykly, hoşniýetli gatnaşyklar hemişelik Bitaraplygyň esasy özeni bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň buýsanç bilen belleýşi ýaly: «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr».

Hemişelik Bitaraplyk döredýän we gurýan halkymyzyň nurana geljegini has-da berkitmäge, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Ýeri gelende, hemişelik Bitaraplyk düşünjesiniň we ýörelgeleriniň türkmen halkymyzda parasatly pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýanlygyny hem belläp geçmek gerek. Çünki halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny dolandyranda hemişe ynsanperwer ýörelgelerden, dostlukly gatnaşyklardan ugur alypdyr. Parahatçylyga, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan Bitaraplyk, Garaşsyzlygymyz bilen birlikde halkara gatnaşyklarynda Türkmenistan döwletimize abraý-mertebe, şöhrat-şan getirdi.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitarap diýlip ykrar edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzy goramaga ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasynyň iki gezek kabul edilmegi halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döretdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ýörelgesine berlen ýokary bahadyr. Arkadagly Serdarymyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde dünýä giňişliginde Türkmenistanyň at-abraýy barha artýar.

Hemişelik Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň 28 ýylyň içinde bitiren hyzmatlary onuň abraýyna abraý goşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» atly Rezolýusiýa hem kabul edildi. Bu resminama halkymyzyň dünýä halklary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda düşünişip, ylalaşyp ýaşamagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek aýan etdi. Arkadagly Prezidentimiz parahatçylygyň adamzadyň iň gymmatly baýlygydygyny elmydama nygtaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatynyň düýp özenini dünýäniň ähli halklaryny asudalykda, abadan durmuşda ýaşatmak ýörelgesi tutýar. Çünki parahatçylyk mydama dostlukdan, bireg-birege sylag-hormatdan, ynamdan başlanýar.

Goý, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň ähli künjeklerinde parahatçylygyň müdimilik berkarar bolmagyna ýardam etsin! Ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryň hemişe höküm sürmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Oguljemal AGAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.