Balarylar barada

15-04-23

Balarylar ilkibaşda agaçlaryň deşiklerinde, daglaryň gowaklarynda, jaýryklarynda ýaşapdyrlar. Arheologlar tarapyndan tapylan tapyndylar balarylaryň 30 million ýyl öň dörändiklerine şaýatlyk edýär. Adamlar mundan 6000 müň ýyl öň balarylary idedipdirler.

Öý balarylary emeli öýlerde ýaşadylyp, tebigy duşmanlardan, gyşyň gazabyndan goralýar we olara goşmaça iýmit hem berilýär. Olar adamlaryň döreden şertlerine uýgunlaşýarlar. Ýabany arylar bolsa, durmuş üçin göreşmeli bolýarlar. Balarysynyň peýdaly önümlerinde balynda, mumynda, ary ýeliminde,  ary süýdünde, zäherinde kesel bejeriji häsiýetler bar.

Olar ysly ýere barmaýarlar, atyr sepinen adamy hem özlerine ýakynlaşdyrman, çakyp goýberýärler. Ysly ýere ýalňyşyp gonan balarysy ketegine goýberilmeýär.

Ýüzärligiň tüssesi ýyladyşhanadaky ösümliklere gowy täsir edýär. Ýöne balarylary tüssäniň ysyny alsalar, hiç ýere çykmaýarlar.  Olar häsiýeti boýunça juda ätiýaçly. Balarylary tüýli eşik geýip ýanlaryna barsaň, ýabany haýwandyr öýdüp ýanyna goýbermeýärler. Bu häsiýet olaryň ýabany döwürlerinden galan endigi.

Olar şemally gün hiç ýere çykmaýarlar we işlemeýärler. Balarylary juda işeňňirligi we arassaçyllygy bilen tapawutlanýar.  Olaryň bal ýygnaýyşlarynda hem berk düzgün-nyzam bar. Balarylaryň her toparynyň öz ýolbaşçysy we keteginiň gapylarynyň hem sakçysy bolýar. Bir maşgalada ene arylar duşuşsa, olar biri-biri bilen uruşýarlar. Balçy olary aýyrjak bolsa, birden birine zeper ýetirmeli bolýar. Şonuň üçin araçy bolup goşulmaly däl. Sagdyn, güýçli ene ary maşgalany güýçlendirýär. Ene arynyň işçi synalary ösen däldir. Şonuň üçin işçi ary bilen deňeşdireniňde onuň beýnisi hem ösmedik hasaplanylýar. Maşgalada ene balary bolmasa, onda onuň agzybir ýaşaýşy bozulýar. Ony 2 ýyldan artyk saklamak maslahat berilmeýär. Diňe tohum balarylary döretmek maksady bilen olary uzagrak saklaýarlar.

Işçi arylar gutynyň içindäki öýjükleri arassalaýarlar, ene aryny iýmitlendirýärler, erkek arylary maşgaladan kowup çykarýarlar, gutulary ýelejiredýärler, öýjükleri ýasaýarlar, sakçylyk işini alyp barýarlar, zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşýärler, meýdandan şire we gül tozanjyklaryny ýygnap, ondan bal we mum öndürýärler, gutulara suw ary ýelimini getirýärler. Olaryň ganatlary diňe uçmak üçin däl, gutyny ýelejiretmek üçin hem hyzmat edýär.

Taýýarlan Hemra NURGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutyny
ň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.