PARAHATÇYLYK — BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY
11-11-21
Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen hoşniýetlilik ýörelgeleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri tarapyndan doly ykrar edilmegi diýseň buýsançlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň hoşniýetli ynsanperwer gatnaşyklarynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen berk baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi, parasatly syýasaty Diýarymyzda ynsanperwerligiň hemde adalatyň berkarar edilmeginiň, demokratik we hukuk döwletini kämilleşdirmegiň aýdyň ýoly bolup durýar. Hemişe parahatçylyga, dostluga we ynanyşmaga belent sarpa goýup, bu ýörelgelere uýup gelen türkmen halkynda “Iller agzybir bolsa, ýurtlar abadan”, “Ynanyşmak — dostlugyň mizemez binýady” diýen ynançlar bar. Bu ynançlar halkymyzy bagtyýarlyga eýe etdi, döwletli döwrana ýetirdi. Şeýlelik-de, Türkmenistan gysga döwür içinde öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Zemine parahatlyk nuruny çaýýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde doly subut etdi.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ählumumy howpsuzlygy berkitmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde dünýä dolýar. Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, halkara ähmiýetli çagyryşlar boýunça duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Halkymyz umumadamzadyň durnukly ösüşini, dünýäniň bitewüligini nazarlaýan milli ýörelgelerimizi hemişe mukaddeslik derejesine göterýär we oňa uýýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini çaltlandyrmaga, ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen
syýasatynda parahatçylyk we ynanyşmak arkaly daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we onuň has netijeli bolmagyny gazanmak uly orun eýeleýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläkde ynamly ösmegine, gysga wagtyň içinde dünýäniň ykdysady taýdan has ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna möhüm şertler döredýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynanyşmagyň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, ösüş bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün edýän taglymatdyr. Bu taglymat adamzadyň geljekki ösüşiniň ýagty ýolýörelgesidir. Gadymy türkmen topragynda demokratik döwlet, raýat jemgyýeti guruldy. Durnukly ösüşi nazarlaýan bu özgeriş halkymyzyň asyl demokratik
ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi baradaky Kararnamany kabul etmegi milli Liderimiziň türkmen halkynyň öz taryhynyň dowamynda döreden gatnaşyklar medeniýetini täze şertlerde ösdürjekdigine we adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge öz saldamly goşandyny goşjakdygyna bolan ynamy bilen baglydyr. Bu ynam halkymyzyň gurujylyk, döredijilik ukyplarynyň ýokarlanmagyna bolan ynamdyr. Şeýle mizemez ynam halkymyzyň syýasy işewürligini artdyryp, ýurdumyzy geljekki ösüşlere we özgerişlere alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ýörelgeleri oýlanyşyklylygy, täzeçilligi, adalatlylygy we hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanýandygy bilen dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Şeýle hem ol başlangyçlaryň netijelidigini, ählihalk bähbitlerinden ugur alýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Döwletli başlangyçlary, halk bähbitli işleri bilen watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, çekýän zähmetimiziň ömrümiziň hem döwrümiziň bezegi zynatydygyny, günsaýyn uly özgerişliklere beslenýän ata Watanymyzyň daýanjy kuwwatydygyny duýup ýaşamak biziň her birimiz üçin uly bagtdyr.
Arapmyrat NURNAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.