YLYM-BILIM — ÖZGERIŞLERE ŞAMÇYRAG
12-11-21
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösen döwletleriň hataryna girdi. Hakykatdan hem, ylym-bilimiň yzygiderli ösýändigini türkmen ýaşlarynyň halkara ylym-bilim olimpiýadalaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýandyklary hem aýdyň görkezýär. Biziň ata-babalarymyz ýurtda ylym-bilim, medeniýet we watansöýüjilik häsiýetleriniň berk binýadynyň bolmagyny hemişe arzuwlap gelipdirler.
Bu gün asyrlar boýy edilen şol arzuwlar hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň döwrebap terbiýe, ylymbilim almaklary üçin edýän atalyk aladalarynyň esasynda köpsanly çagalar baglary, mekdepler we ýokary okuw jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Her bir ylym-bilim edaralary täze innowasion tehnologiýaly enjamlar we kompýuterler bilen üpjün edilýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda sanly ulgam ornaşdyrylýar. Talyplaryň alan bilimleriniň netijeliliginde sanly ulgamyň orny örän uludyr. Dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň geçirilmegi, tejribe alşylmagy, ylymda soňky gazanylýan netijeler bilen tanşylmagy babatda alnyp barylýan işler hem ylymbilim pudagynyň beýik ösüşlerinden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş eden kitaplarynda her bir ýurduň ösüşiniň gözbaşy ylymbilimdir diýlip bellenilýär. Ýaş nesliň döwrebap terbiýe almagy babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň geljegi üçin ak ýollar açylýar.
Mähriban Prezidentimiziň çuň manymazmunly kitaplary diňe bir biziň üçin mekdep bolup durman, eýsem, dünýäniň köp dillerine terjime edilip, dünýäniň okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Biziň ýokary okuw mekdebimizde birnäçe daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi talyplaryň diňe bir giň gözýetimli bolmagyna alyp barmak bilen çäklenmän,eýsem, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen halkara diplomatik we dostdoganlyk gatnaşyklaryny giňden ösdürýändigini hem şertlendirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň weynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylyk we ynanyşmaklyk meselelerini pugtalandyrmakda uly işler alnyp barylýar.
Goý, berkarar Diýarymyzda ylymly, ýokary bilimli ýaş nesli kemala getirmek babatda beýik işleri amala aşyrýan, mähriban halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşa ýetiren hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Durdymämmet AMANMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.