MULTIMODAL LOGISTIKA ULGAMYNYŇ MÖHÜM BÖLEGI

12-11-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň, şol sanda ulag ýollarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmen telekeçileri ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda yhlasly zähmeti, uly üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Gaýratly zähmetiň gaýnap joşýan ýerleriniň biri-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygydyr. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bagtyýar döwrümize buýsanjymyzy artdyrýar. Işewürlerimiziň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen bagly taslamalara işjeň gatnaşmagy olara bildirilýän uly ynamyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti we döwletara gatnaşyklar üçin ähmiýetini nygtap, durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümini kemala getirmekde türkmen telekeçileriniň işjeň ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändigini belleýär. Diýarymyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerine-de kybap gelýär, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we umuman, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Milli Liderimiziň adyl başlangyçlary esasynda döwrebap, dünýä hil ülňülerine kybap guruljak awtomobil ýolunyň gurluşygyny 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Taslamany birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegi gurlup ulanylmaga berildi, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak boýunça degişli pudagyň ýolbaşçylary tarapyndan teklip edilýär. Bu gurluşyk dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ähmiýet berýän, ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň kepilnamasydyr. Diýarymyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, Lebap welaýaty bilen baglanyşdyrjak bu ýol uzak aralygy islendik awtoulagda ýokary tizlikde geçmäge mümkinçilik döreder. Netijede, ýolagçylaryň we ýükleriň öz wagtynda  barmagyny üpjün eder.

Bu ýokary tizlikli, halkara derejeli ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr çemesi bolup, 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Häzirki wagtda bu ýerde işler ýokary depginde dowam edýär. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň potratçylary «Altyn nesil», «Hyzmat merkezi», «Edermen» hojalyk jemgyýetleri, şeýle-de «Nusaý ýollary» hususy kärhanasydyr.

1-nji hem-de 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetrden, 3-nji hem-de 4-nji gatlara bolsa, degişlilikde 20 santimetrden çagyl düşelýär. Ýoluň aşaky gatlaryna geotekstil düşeginiň, geogözenegiň ýazylmagy, galyňlygy 1 metre ýetýän 3 gat asfalt düşelmegi onuň döwrebap inženerçilik talaplaryna doly laýyk gelýändigini görkezýär.

Awtobanyň ugrunda awtomobil, demir ýollaryň üstünden geçýän köprüleriň 15-si, ýaplaryň, zeý akabalarynyň, silleriň suwlaryny sowýan geçitleriň üstündäki köprüleriň 25-si gurulmaly. Şeýle-de ýoluň aşagyndan geçýän emeli desgalar, demir-beton turbalar, mal geçiriji ötükler, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 237-si gurlar.

Häzirki zaman ýoluň ugrunda awtoulag, demir ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň, ýerasty geçelgedir geçitleriň ençemesi bar. Onuň iki tarapynda-da gözenekli haýaty, bellenen ýerlerde hyzmat ediş, dynç alyş we beýleki infrastruktura desgalaryny gurmak, ýol ugrunda töleg, wideogözegçilik, aragatnaşyk, tizligi we howa maglumatyny kesgitleýji ulgamlary, awtoulaglaryň agramyny ölçeýji enjamlary gurnamak göz öňünde tutulan. Görnüşi ýaly, bu awtomobil ýoly Türkmenistandaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlarda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler bar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistic hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümi hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga ýardam eder. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen rowaçlanýan şeýle beýik gurluşyklaryň höwrüniň köp bolmagyny, türkmen gurluşykçylarynyň işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Nurana BERDIMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.


MUKADDES GYMMATLYK

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.