MILLI LIDERIMIZIŇ ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ BAŞLANGYÇLARYNYŇ UGRY BILEN

15-11-21

Hormatly Prezidentimiz ählumumy gün tertibiniň energetika, ulag we suw meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, olary Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bu gün daşary syýasatda ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça netijeli gepleşikleriň başyny başlap, ýurdumyz özüniň tebigy baýlyklaryny, geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny sebit hem-de dünýä ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, bütin adamzadyň hyzmatynda goýýar. Sebitde parahatçylyk dörediji we ylalaşdyryjy döwlet hökmündäki ornuny dürli ugurlar boýunça berkidip, iri ulag-logistik merkeze öwrülýär.

Milli Liderimiziň ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şeýlelik bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň köp sanly ýurtlaryny birleşdirýän döwlete öwrülýär. Logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümlerini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag diplomatiýasynyň baş maksady asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, ýurtlaryňdyr halklaryň hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülen gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag ugurlary boýunça gaýtadan dikeltmäge hemde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky abraýyny hasda belende götermäge gönükdirilendir. Çünki ygtybarly multimodal ulag geçelgeleri we ulag düzümleri bolmazdan, durnukly ösüşiň gazanylmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Hut şu zerurlyk hem adatdan daşary şertlerde halkara ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuny görnetin ýokarlandyrdy.

Ýurdumyzda adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berlip, serhetlerde serhetýaka, gümrük we migrasiýa düzgünleriniň arassaçylyk zyýansyzlandyryş gözegçiligini güýçlendirmek, ýurtlardyr sebitleriň arasynda ulaglaryň we ýük akymlarynyň howpsuz hereketini üpjün etmek boýunça degişli işleriň öz wagtynda amala aşyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ulaglar we harytlar Döwlet serhediniň gözegçilik geçiriş ýerlerinden geçirilende, häzirki döwürde talap edilýän sanitarkarantin düzgünlerini berjaý etmekde öňdebaryjy halkara tejribäniň, iň täze tehnologiýalardyr sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy işleriň netijeliligini artdyrmaga, söwda amallarynyň durnukly ýagdaýda saklanylmagy arkaly ilaty zerur bolan azyk önümleridir durmuş harytlary bilen üznüksiz üpjün etmäge ýardam berýär.

Belli bolşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde bir ugur boýunça ýükleriň eltilýän ýerine çenli ulaglaryň dürli görnüşlerini — awtomobil, demir ýol, deňiz, howa ulaglaryny ulanmak arkaly daşalmagyny aňladýan «multimodal» diýen adalga işjeň ulanylyp başlady. Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, Gündogar bilen Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran ýurdumyzda hem ulaglaryň dürli görnüşleri boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zerur şertler bar.

Ulag logistikasy dürli ulag görnüşlerini ulanmak bilen, halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda olaryň amatly, çalt we howpsuz daşalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa dünýä bazarlarynyň ösýän döwründe ulag-aragatnaşyk infrastrukturalaryň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine amatly şertleri döredýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň, bu ugurda halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär. Ýurdumyzyň logistika ulgamynyň ähli görnüşleri dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmak arkaly ösdürilýär. Ulag logistikasyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde hyzmat etjek häzirki zaman awtomobil ýollarynyň gurluşygy göz öňünde tutulan «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrundaky işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu ýollaryň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Türkmenbaşy Halkara aeroportunyň üstünden geçmegi, Hazaryň türkmen kenarynda jemlenmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly multimodal ulag logistikasyny iş ýüzünde amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki Aziýany we Ýewropany birikdiriji köpri bolup hyzmat etjek bu wajyp ulag halkasy döwletimiziň ulag ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Bular bilen bir hatarda dünýäniň iri ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän, halkara ulag gatnawlaryny ösdürmegi maksat edinýän Ýewropa — Kawkaz — Aziýa geçelgesi (TRASEKA) ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin milli ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga itergi berer.

“Ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde hem adamzat ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň we söwdasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ol dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär, durnukly ösüşiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygy äşgärdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly — Ýewropa gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegini hem-de bu ulgamda bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulaglaryň ähli görnüşlerini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzümini ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň ileri tutulmagy Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynda sebit we yklymara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin arman-ýadaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
        Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.


16a8bde13d0a33.jpeg
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


16a8bdc1c5aca6.png
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.