Bagta beslenen ýollar

16-11-21

Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li awtomobil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di we hal­ka­ra yk­rar­na­ma eýe bol­dy. Şeý­le uly tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň ulag şa­ha­la­rynyň dün­ýä­niň ulag ul­ga­my­na my­na­syp go­şu­lyş­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mekde hem-de öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri amal et­mek­de bi­ti­ril­ýän be­ýik iş­le­riň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Ýo­luň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li al­nyp ba­ryl­ma­gy, hal­ka­ra ül­ňü­le­re we bil­di­ri­len ta­lap­la­ra la­ýyk ge­ti­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­lenil­mä­ge myna­syp­dyr. Ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­ny gur­mak üçin ze­rur bo­lan çig ma­lyň — ça­g­lyň, as­fal­tyň, be­to­nyň we beý­le­ki ýol gur­lu­şyk ma­te­rial­la­ry­nyň öz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­me­gi bu tas­la­ma­ny döw­re­bap, ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­tirmek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Şeý­le hem gur­lu­şyk­da yl­myň öň­de­ba­ry­jy gaza­nan­la­ryn­dan, in­no­wa­si­ýa­lar­dan, dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur alyn­ma­gy işiň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­di. Bu bolsa, öz hünärmenlerimiziň güý­ji bi­len uly gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bi­ti­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şeý­le­lik­de, ýo­luň umu­my uzyn­ly­gy 600 ki­lo­metr bo­lup, onuň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi 203 ki­lo­metr­dir. Ýo­luň ug­run­da bir­nä­çe in­že­ner­çi­lik des­ga­la­rynyň bi­na edil­me­gi bol­sa ýo­lag­çy­la­ra we sü­rü­ji­le­re äh­li şert­le­riň dö­re­di­lip berlen­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy üçin dö­ re­dip ber­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den aý­dyň my­sal­dyr. Bu ýol di­ňe ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne has oňaý­ly tä­sir et­män, eý­sem, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dyryl­ma­gyn­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe bolar. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ýaý­baň­lan­dyryl­ma­gy, ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my ýa­ly äh­mi­ýet­li we gel­je­gi uly bo­lan ugur­da öza­ra peý­da­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuwwa­ty­nyň yg­ty­bar­ly se­riş­de­si­dir.

Bu awtomobil ýoly ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Ol sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.

Biz täze açylan bu ýoluň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag ugurlary arkaly dikeltmäge, ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek ulgamynyň işine goşmaça badalga bermäge ähli şertleri döretjekdigine ynanýarys. Geljekde ol di­ňe bir goň­şy döwletleri birleşdirmän, eýsem, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrjak möhüm halka öwrüler. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara de­ňiz portuna, şol ýerden bolsa de­ňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik berer. Di­ňe şunuň özi-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen başy başlanan bu iri taslamanyň näderejede ähmiýetlidigini doly açyp görkezýär.

Jemläp aýdanymyzda, Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleriniň geljeginiň, ýaşaýyş- durmuşynyň, arzuwlarynyň we beýik maksatlarynyň gurulmagydyr. Taryh bize türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň, söwda aragatnaşygynyň ösmeginde gaty uly ähmiýetiniň bolandygyny gürrüň berýär. Täze awtoban şol gadymy ýoluň häzirki zaman döwrebap dowamatydyr. «Il ýörän ýer ýol bolar» diýýän halkymyz müň keren mamla. Nesip bolsa, bagta beslenen täze ýollar halkymyzyň rysgal- berekediniň göterilip, şan-şöhratynyň artmagyna badalga berer.

Mährijemal HALLYÝEWA, 
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.