TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY: Geçmişden aýdyň geljegi nazarlaýan başlangyçlar
19-11-21
Geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolup, olary has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda yzygiderli tagalla edýär.Şunda, halkara we sebitara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ulag ulgamynyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Soňky ýyllarda ykdysady gatnaşyklary netijeli alyp barmak we ösdürmek üçin halkara ulag geçelgeleriniň eýeleýän orny barha artýar. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilýär. Bu halkara geçelgeler adamlaryň ulag hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, tebigy baýlyklary özleşdirmäge, diwersifikasiýa ýoly bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär.
Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz ygtybarly ulag-üstaşyr düzümini döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge möhüm ähmiýet berýär. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döwletimiziň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän taslamalar halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy ulag ulgamyny ösdürmek üçin uly serişdeleriň goýberilmegine, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap ýollary, köprüleri, demir ýollary we turbageçirijileri gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, sebitde ulag-logistika merkeziniň kemala gelmegine esas döredýär. Bu bolsa ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly daşary syýasatyna dünýä möçberinde ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyzyň mundan ozal hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde bu jogapkärli wezipäni ýokary abraý bilen ýerine ýetirendigini aýratyn bellemek gerek.
Ýurdumyz ulag ulgamynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm mesele hökmünde garaýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlemegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Döwlet Baştutanymyz taryhy çykyşynda durnukly we howpsuz ulag ulgamyny döretmek boýunça adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine giňişleýin we köptaraplaýyn garamak babatdaky öňdengörüjilikli garaýşyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu babatda işläp taýýarlan Rezolýusiýasynyň taslamasy agza döwletleriň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylmak üçin mejlisiň gün tertibine hödürlenildi.
Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we eýe bolan halkara abraýynyň has-da pugtalanmagynyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. 2014-nji ýylyň dekabrynda “Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny”, 2015-nji ýylyň dekabrynda “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda”, 2017-nji ýylyň dekabrynda “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Bu bütindünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli halkara resminamalarda durnukly ulag ulgamyny döretmegiň esasy ugurlary beýan edilip, onuň kabul edilmegi milli Liderimiziň başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini we goldaw tapýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz giň hyzmatdaşlyga gönükdirilen hem-de ähli halklaryň we ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýän başlangyçlaryň anyk durmuşa geçirilmegi babatda yzygiderli çäreleri görýär.
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Abuna Tassyklayys kody: 78390
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.