Köp derejede peýdaly önümler
19-04-23

Aslynda önümler aýry-aýry peýdalansaň hem peýdaly hasaplanýar. Ýöne käbir önümleri jübüt peýdalansaň, ol hakyky peýdanyň çeşmesi hasaplanýar. Saglyga peýdaly önümler - saglygy we gözelligi netijeli goraýar. Soňky barlaglar bu önümleriň käbiri jübüt sarp edilse, has köp netijelere ýetip boljakdygyny tassyklady. Ol önümler birnäçe keselleriň öňini almana we keseliň derejelerini azaltmaga sebäp bolýar.
- Alma we malina düwnük keselini azaldýar
Almalalarda rak öýjüklerini ýok edýän peýdaly antioksidant bar. Doly ýokary derejede işlemek üçin ýörite antioksidanta turşy gurşaw gerek bolýar. Turşy gurşaw hem malinanyň we nnayň düzüminde kän kasaplanýar. Şonuň üçin alma her gün malina we nar bilen iýilse, beden erbet öýjüklerden goralýar.
- Gök çaý we limon suwy ýürek saglygyny goldaýar
Gök çaýda köp bolan antioksidant katekinler ýürek we gan damar kesellerine garşy güýçli ýaragdyr. 40,000-den gowrak alymlaryň arasynda geçirilen barlagda , günde diňe bir käse gök çaý içmegiň ýürek-damar damarlaryny azaldýandygy anyklandy. Keselleriň döremek howpuny ep-esli azaldar. Emma katekinleriň beden tarapyndan has gowy siňmegi we iýmit siňdiriş ulgamynda ýitmezligi üçin limon suwy zerurdyr. Şeýlelik bilen, bir bölek limon we bir käse gök çaý ýürek kesellerinden gündelik goragdyr.
Taýýarlan Ogulnur ORAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.