Limonyň peýdasy
19-04-23

Taryhy maglumatlara görä limon takmynan XII-nji asyrda peýda bolupdyr. Onuň watany Hytaý, Hindistan we Ýuwaş ummanynyň adalary hasaplanylýar. Limonyň bir düýp agajyndan 300-350 miwe hasyl alyp bolýar. Ol 40 ýyldan köp ýaşamaýar. Ol ýazda gülleýär, tomusda miwe berip başlaýar, güýz we gyş aýlary ýaşyl miweleri saralýar. Boýy 5-7 metre çenli ýetýär.
Bişip ýetişen limonyň umumy agramynyň 3,5 göterimi şekerden ybarat. Orta asyrlarda limon ýylan zäherine we ýokançly kesellere garşy güýçi derman hökmünde ulanylypdyr. Limonyň 5% göterimi kislotadyr. 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda ,,dünýädäki iň agyr limon hasaba alyndy . Ol Ysraýylyň Kefar Zeitm fermasynda ödürilip ýetişdirildi . Onuň agramy 5 kilogram265 gram boldy. Dünýäde iň köp limon öndürýän ýurtlara: Meksika, Hindistan, Argentina we Brazilýa degişlidir. Gadymda limon gaty seýrek bolany üçin patyşalara sowgat edilipdir.
Limon suwy mör-möjekleri daşlaşdyrýar. Ony sowadyjyda 1 ýarym aýa golaý wagt saklap bolýar. Limonyň düzümindaki maddalar bedendäki zäherli birleşmeleri çykarmaga we adamy horlandyrmaga uly kömek edýär. Arassaçylyk üçin limon suwy hojalyklarda peýdalanylýar. Naharyň şoryny aýyrmakda hem limon suwyny ulanýarlar. Limona duz aralaşdyrylyp şerbeti zeňlän metallaryň zeňini aýyrmakda we arassalamakda möhüm orny eýeleýär.
Taýýarlan Bilbil SEÝITGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.