Ulag düzüminiň sanly kartasy
22-11-21
Dünýä tejribesinde degişli desgalar barada geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek we grafik taýdan görmek üçin amatly görnüşe getirilen Geografik-maglumatly ulgamlaryň (GIS) giňden ulanylýandygy habar berildi. Bu ulgam degişli ýer bölekleriniň sanly kartasy görnüşinde bolup, onda desgalar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilýär. Ýakynda Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar baradaky döwlet agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamy barada jikme-jik maglumatlary bolan sanly ulgamdaky kartasyny düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda häzirki zaman ulag üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda çykyş etmek hemde olary durmuşa geçirmek bolup aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagynyň biri — ulag pudagynda gazanylýan döwrebap ösüşler olaryň aýratynlyklaryna laýyklykda amala aşyrylýan işleri we oňyn netijeleri aýdyňlygy bilen subut edýär. Häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän «sanly ösüş» ýurdumyzyň bu ulgama goşulyşmagyna mümkinçilik döretdi.
Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän ýollaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiz sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar we ulag ulgamynda öz kuwwatyndan has doly peýdalanmaga çalyşýar.
Ýurdumyz sebitiň möhüm ulag, iri halkara logistika merkezine öwrülýär hem-de geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen oňyn başlangyçlaryny öňe sürýär. Şeýle-de, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Ulag pudagynda sanly tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen içerki we halkara gatnawlarynda ýokary hilli, netijeli we howpsuz ulag infrastrukturasynyň emele gelmegini çaltlandyrýar hem-de ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreler netijeli ösüşiň strategik ugurlarynyň biridir.
Ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşýan we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalanýan döwründe, ähli pudaklaryň ösüş depginiň sazlaşykly, ygtybarly we döwrebap alyp barmakda awtoulag ulgamynyň hyzmatynyň talabalaýyklygy zerurdyr. Awtoulaglaryň hyzmatyndan peýdalanylanda ösen elektron tehnologiýalara daýanýan geoinformasion maglumatlanyş arkaly degişli gözegçiligi ýola goýmak oňyn netije berýär.
Awtoulagyň ulanyş netijeliligini kesgitlemek awtoulagy ulanýan her bir fiziki we ýuridiki şahs üçin hemişe uly mesele bolup durýar. Häzirki zaman tehnologiýalary, awtoulag gözegçilik ulgamlaryny sazlaşykly ulanyp, bu meseläni has aňsat we netijeli çözmäge mümkinçilik döreýär. Häzirki zaman GLONASS we GPS global ýaly geografik-maglumatly gözegçilik ulgamlary ulanyp, hereketde mahaly awtomobiliň ähli ýagdaýlarynymy hakyky wagt birliginde yzarlamaga mümkinçilik berýär. Geografik-maglumatly ulgamlaryň sanly kartasy (GIS) arkaly alyp boljak maglumatlaryň sanawy: hakyky wagt birliginde awtoulagyň ýerleşýän ýeri; ýangyjyň we beýleki ulanyş serişdeleriniň sarp edilişi; awtoulagyň tehniki ýagdaýy we esasy ulgamlarynyň işleýşi; belli bir wagtyň dowamynda ýoluguryň we howa ýagdaýynyň üýtgemeleri; dykynlaryň we eglenmeleriň döreýän ýerleri; goşmaça enjamlaryň işi, harytlaryň ýagdaýy; sürüjiniň surat ýa-da wideo görnüşindäki saglyk ýagdaýy we özüni alyp barşy; awtoulagdaky näsazlyklar we ýolda ýüze çykýan howply ýagdaýlar baradaky maglumatlardan ybaratdyr. Islendik aradaşlykda hereketdäki awtoulagyň esasy parametrlerini yzarlamagyň netijelerinde ýangyjyň sarp edilişini azaldylmagy, awtoulagy dolandyrmak üçin iň amatly we howpsuz ugurlary saýlanylmagy. näsazlyklaryň wagtynda kesgitlenilmegi, sürüjiniň hereketine we saglyk ýagdaýyna gözegçilik edilmegi awtoulagyň ulanyş, ygtybarlylyk we howpsuzlyk netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Geografik-maglumatly ulgamlaryň sanly kartasynyň gözegçiligi dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmak üçin degişli maddy-tehniki we guramaçylyk taýdan üpjünçilik zerurdyr.Hökmany suratda görkezijileriň, nawigasiýa enjamlarynyň, aragatnaşyk kanallarynyň, serwer we beýleki enjamlaryň sazlaşykly işi guralmalydyr Ýurdumyzyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy bu meseläni sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda üstünlikli berjaý etmäge mümkinçilikleri döredýär.
Awtoulagyň esasy ýagdaýlaryny yzarlamagyň netijelerine şeýle hem her sürüjiniň hereketlendiriş usulyna esaslanyp, ýangyjyň sarp edilişini azaldyp we ulagyň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyryp bilýän awtoulagy hereketlendirmek üçin iň amatly ugurlary baradaky jikme-jik maglumatlary özünde jemlär.Şeýlelikde ulgam diňe bir gözegçilik usuluny ýerine ýetirip bilmän, ulagy ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we şeýlelik bilen edaralaryň çykdajylaryny azaltmaga kömek edip biler.
Serwer we müşderi bölegi ulag ulgamyndan maglumat almak we gaýtadan işlemek, şeýle hem bu maglumatlary ahyrky ulanyja (müşderä) geçirmek üçin zerur enjamlary öz içine alýar.Esasy yagdaýlary häzirki zaman ulag gözegçilik ulgamlarynyň müşderi bölegi köplenç islendik kompýuterde aňsatlyk bilen gurnalyp bilinjek ýörite programma üpjünçiligi görnüşinde amala aşyrylýar. Ulag ulgamyna Geografik-maglumatly ulgamlaryň sanly kartasynyň girizilmegi, onuň düzülmegi bilen infrastrukturanyň sanly maglumat gory emele gelýär. Bu bolsa öz nobatynda degişli ýeriň maglumatlaryny onlaýn bilmäge, olar bilen tanyşmaga şert döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň ösen görnüşini çalt kemala getirmek bilen baglanyşykly işler diňe bir öz döwletimiziň çäginde däl eýsem sebitde hem özüniň anyk netijelerini berýär.
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Abuna tassyklayyş kody: 78390
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
7-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
Özbek telekeçileri Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
8-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.